NA­SA Mar­sa ýe­ne bir en­ja­my ug­rat­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär. Tä­ze robotyň çyz­gy­sy in­ter­net saý­tyn­da ýaý­ra­dyl­dy. Tä­ze en­jam edil “Curio­si­ty” ýa­ly, Gy­zyl pla­ne­ta­da ýa­şaý­şyň ala­mat­la­ry­ny göz­lär. Mar­syň ýü­zün­de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­jek al­ty ti­gir­li kos­mos en­ja­my 2020-nji ýy­la çen­li taý­ýar bo­lar. Ol 2021-nji ýyl­da Mar­sa go­nar.
NA­SA ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Mars­da su­wuk haldaky suw ta­pan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. On­dan soň­ra ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bol­sa, “Curio­si­ty Ga­le” ga­ýa­ly­gy­nyň düý­bün­de gyr­man­ça ta­pyp­dy. Alym­lar bu çä­ge­le­riň kö­lüň ýa-da ýa­ta su­wuň ala­ma­ty­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.
Tä­ze ula­gyň ady hä­zir­lik­çe mä­lim edil­me­di. Mun­dan ozal, NA­SA-nyň uçu­ran al­ty ti­gir­li “Curio­si­ty” ro­bo­ty 2012-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da Mar­sa go­nup­dy. Ulu­ly­gy aw­tou­la­gyň­ka ba­ra­bar bo­lan ro­bot hä­zi­re çen­li Gy­zyl pla­ne­ta­da dür­li açyş­la­ry edip, Ýe­re ug­rat­dy. Şeý­le hem ýa­şaý­şyň ala­ma­ty ha­sap­lan­ýan me­tan ga­zy­nyň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy. Mar­sa ug­ra­dy­lan en­jam­la­ryň ara­syn­da iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len “Curio­si­ty” 12 sany ka­me­ra, bir me­teo­ro­lo­gi­ýa be­ke­di, bu­raw we daş­ky gur­şa­wy bar­la­ýan en­jam­lar bilen enjamlaşdyrylan.