Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Sun­ri­se” ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy 5G in­ter­ne­tiň tiz­li­gi­ni sy­nag­dan ge­çir­di­ler. Sýu­rih şä­he­rin­de gur­na­lan 5G inf­rast­ruk­tu­ra­sy ar­ka­ly se­kunt­da 3,67 gi­ga­bit gö­çü­rip al­mak tiz­li­gi ha­sa­ba alyn­dy. “Hua­wei’ bu sy­nag­da 4GHz – 8GHz ýy­gy­lyk ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýän, kuw­wa­ty 100MHz-e ba­ra­bar “C-Band” spekt­ri ula­nyl­dy. Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri MU-MI­MO teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly şeý­le ýo­ka­ry tiz­li­gi ha­sa­ba alan­dyk­la­ry­ny, bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň köp an­ten­na­ly we bir­nä­çe ula­ny­jy ta­ra­pyn­dan bir wagt­da peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. “Hua­wei”-iň ýol­baş­çy­la­ry bu ýo­ka­ry mag­lu­mat ge­çi­riş tiz­li­gi­niň la­bo­ra­to­ri­ýa­da däl, müş­de­ri­le­re hö­dür­len­ýän tor­da ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Mun­dan ozal iň köp 2 Gbps tiz­li­gi­ni hö­dür­le­ýän “Sun­ri­se” kom­pa­ni­ýa­sy mun­dan beý­läk has ýo­ka­ry tiz­lik­li ara­gat­na­şyk hyz­ma­ty­ny hö­dür­lär.