Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len, ho­wa so­wap, aga­jyň ýap­rak­la­ry sa­ra­lyp, dü­şüp baş­la­ýar. Gyş­da bol­sa, di­ňe ho­wa däl, ýer hem do­ňup, has so­wuk bol­ýar. Eý­sem, ba­ha­ryň gel­me­gi bi­len, al-el­wan reňk­le­re bü­ren­ýän ösüm­lik­ler, bu so­wuk­dan nä­hi­li go­ran­ýar­ka­lar?!
Kä­bir ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry bi­şip, ýe­re düş­ýär. Top­ra­gyň gyz­ma­gy bi­len gaý­ta­dan ösüp çyk­ýar. Be­new­şe ýa­ly, kä­bir ösüm­lik­le­riň şa­ha­sy ýe­re ýa­zy­lyp, top­ra­gyň ýy­ly­ly­gyn­dan peý­da­la­nyp gyş­dan çyk­ýar. Köp­ýyl­lyk ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri­niň ýo­kar­sy gu­ra­ýan hem bol­sa, kö­ki jan­ly­ly­gy­na gal­ýar. Mi­we­si ýe­riň aşa­gyn­da bit­ýän kar­toş­ka meň­zeş ýa­ba­ny ösüm­lik­ler top­ra­gyň aşa­gyn­da so­wuk­dan go­ran­ýar­lar. Adat­ça, agaç­la­ryň ýap­ra­gy düş­ýän hem bol­sa, ar­ça ýa­ly bir­nä­çe pür­li agaç­lar so­wuk ho­wa­ly ýer­ler­de hem gy­şy­na-da gök öw­süp otur­ýar­lar. Bu agaç­la­ryň şa­ha­la­ry sä­hel­çe ag­ram dü­şe­nin­de hem egil­ýär. Şeý­le­lik­de, ola­ryň üs­tü­ne ýa­gan ga­ryň uly bö­le­gi şa­ha­sy­nyň egi­len­di­gi se­bäp­li, ýe­re gaç­ýar. Bu bol­sa, ga­ryň do­ňup, has hem ag­ral­ma­gy ne­ti­je­sin­de, şa­ha­la­ry­nyň dö­wül­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Go­za­ly agaç­la­ryň pü­rün­de bu­gar­ma­gyň öňü­ni al­ýan ýö­ri­te mad­da bo­lup, ol aga­jyň so­wuk­dan go­ran­ma­gy­ny hem üp­jün ed­ýär. Şeý­le hem bu agaç­la­ryň şa­ha­la­ry döw­len ýag­da­ýyn­da, “ýa­ra­la­nan” ýe­rin­den şep­bik sy­zy­lyp çy­kyp, onuň doň­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar.