Tikin maşyn öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Singer” ýokary tehnologiýadan peýdalanyp, zenanlaryň işlerini ýeňilleşdirýär. Golaýda kompaniýanyň öndüren täze ütügi eşikleri ütüklemekde uly ýeňillik döredýär. “Singer ESP 2” atly enjam has uly zatlary aňsatlyk bilen ütükleýär. Şeýle hem tekizlenmegi kyn bolan ýygyrtlary gysga wagtda aýyrýar.
Matanyň çalt tekizlenmegi üçin enjamyň aşagy alýuminden ýasalypdyr. Onuň güýçli bugy ýygyrtlary aňsatlyk bilen ýok edýär. Onuň suw gabyny hem aňsatlyk bilen dolduryp bolýar. Enjam goşmaça howpsuzlyk aýratynlyklary bilen hem üpjün edilipdir. Ol awtomat usulda öçýär hem-de ses bilen duýdurýar. Ony ýygnap, başga ýere äkitmek hem ýeňil.