Sidneý uniwersitetiniň professory Salah Sukkariniň ýolbaşçylyk edýän topary “SwagBot” atly dört aýakly ulagy işläp taýýarlady. Ähli ýol şertlerinde hereket edip bilýän “SwagBot” geljekde ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglaryň nähili boljakdygy barada pikir berýär. Sagatda 19 kilometr tizlik bilen ýöreýän ulaga tirkeg hem dakyp bolýar. Robot görnüşli bu ulag oba hojalyk we maldarçylyk pudagynda zähmet çekýänleriň işini ep-esli derejede ýeňilleşdirer. Satuwa haçan çykaryljakdygy heniz mälim edilmedik robotyň bahasynyň 20 müň dollar töweregi boljakdygy aýdylýar.