Aňrybaş awtoulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Rolls-Royce” kompaniýasy üýtgeşik täze modelini köpçülige görkezdi. Londonda geçirilen çärede tanyşdyrylan “Rolls-Royce VISION NEXT 100” ulagynyň tigirleri gapdaldan seredilende görünmeýär. Ony işläp taýýarlanlarynda taslamanyň müdiri Giles Teýloryň ýolbaşçylygyndaky topar özlerine şeýle sowal beripdirler: “Öňümizdäki 100 ýylda lýuksy gaýtadan nädip suratlandyryp bileris?”. Topar ýene iki soragy özlerine bermegi makul bilipdir: “Rolls-Royce” ulagynyň eýesi geljekki onýyllyklarda öz ulagyndan nämä garaşýar?”. “Biz müşderileri kanagatlandyrmak üçin nämeler ederis?”.