Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde, esasan, mekdep okuwçylarynyň we kiçi ýaşly çagalaryň iň söýýän pişeleriniň biri hem welosipedli gezelenç etmekdir. Welosipediň adam saglygyna uly peýdasynyň bardygy aýdylýar. Welosiped sürmegiň gan basyşyny kadalaşdyrmaga, bilagyrynyň, süýjükeseliň öňüni almaga nepiniň degýändigine ünsi çekýärler. Şeýle-de, bedeniň berkemegi hem-de beden agramynyň kadaly bolmagynda welosiped sürmegiň peýdasynyň sanardan köpdügi aýdylýar. Lukmanlar her günde yzygiderli 35-40 minut welosiped sürmegi maslahat berýärler. Beýleki sport görnüşlerinden tapawutlylykda welosipede münülende, şol bir hereket yzygiderli gaýtalaýar. Ony sürmegiň şähdiňi açýandygy hem mälimdir. Sebäbi 35-40 minutlap welosiped sürülende, bedenden endorfin atly gormon bölünip çykyp başlaýar. Bu gormonyň agyryny aýryjy we adamy begendiriji häsiýeti bar. Ýagny, ruhy çökgünlige düşmekden we garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolnanda aljyramakdan halas bolmaga kömek edýär. Lukmanlar ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda hem welosiped sürmegi maslahat berýär. Sportuň bu görnüşi gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, holesterin bilen bagly meseleleri hem aradan aýyrýar.
Lukmanlar çagalara-da bu sportuň peýdasynyň uludygyna ünsi çekýärler. Ösüp barýan körpäniň ünsüni artdyrmak, deňagramlylygyny saklamak, çalasynlygyny artdyrmak ýaly ukyplaryny kämilleşdirmäge uly täsir edýär. Çagalaryň welosiped sürmegi endik edinmekleri olaryň kadaly ösüşine, fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryna diýseň peýdalydyr. Tehnologiýanyň ösen häzirki döwründe kompýuter we beýleki elektron enjamlary bilen meşgullanmagyň deregine, açyk howada gezelenç etmek we sport bilen meşgullanmak adam saglygy üçin has ähmiýetlidir.