Türk­me­nis­tan bi­len Gü­nüň dog­ýan ýur­dy ha­sap­lan­ýan Ýa­po­ni­ýa­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyl­lar­da Ýa­po­ni­ýa ama­la aşy­ran res­mi we iş sa­par­la­ry bi­len has iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Esa­san hem dost­luk­ly Ýa­po­ni­ýa bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar, yn­san­per­wer ugur­lar­da, ylym-bi­lim pu­da­gyn­da­ky hyz­mat­daş­lyk­lar bar­ha ös­dü­ril­ýär.
Şu ýy­lyň 21-23-nji okt­ýab­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz Ýa­po­ni­ýa özü­niň no­bat­da­ky iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy öza­ra gat­na­şyk­lar ba­ba­tyn­da Gü­nüň dog­ýan ýur­dy türkmen döwletiniň esa­sy ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Iki ýur­duň ara­syn­da bi­le­lik­dä­ki uzak­möh­let­le­ýin tas­la­ma­lar yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Söw­da gat­na­şyk­la­ry bi­len bir ha­tar­da ok­gun­ly ösü­şe eýe bo­lan ylym-bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk­lar şu ge­zek­ki sa­par bi­len has-da berkedi. Mil­li Li­de­ri­mi­ze şu ge­zek­ki ta­ry­hy sa­pa­ryn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Hi­ro­sa­ki uni­wer­si­te­ti­niň “Hor­mat­ly dok­to­ry” di­ýen be­lent adyň da­kyl­ma­gy bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze öwüş­gin çaý­dy. To­kio şä­he­rin­dä­ki “Chin­zan­so To­kyo” myh­man­ha­na­syn­da Hi­ro­sa­ki uni­wer­si­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy Kei Sa­to ta­ra­pyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ze Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da ylym-bi­lim hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne go­şan uly go­şan­dy üçin ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň “Hor­mat­ly dok­to­ry” di­ýen be­lent adyň dakylandygy hakynda dip­lo­m gow­şu­ryl­dy. 1949-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan Hi­ro­sa­ki uni­wer­si­te­ti dün­ýä­de ab­raý­ly okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ýer­de 7 müň­den gow­rak ta­lyp bi­lim al­ýar. Mu­gal­lym­lar dü­zü­mi 2 müň­den gow­rak hü­när­men­den yba­rat­dyr.
Bu ab­raý­ly adyň da­kyl­ma­gy, mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ylym-bi­lim pu­da­gyn­da­ky öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­na be­ril­ýän ýo­ka­ry ba­ha­dyr. Ylym-bi­lim pu­da­gyn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Dün­ýä­niň iri döw­let­le­ri bi­len bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ra uly üns be­ril­ýär. 2016-njy ýyl­da ýur­du­myz­da Oguz­han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti açyl­dy. Bu ýer­de Gü­nüň dog­ýan ýur­du­nyň mugallymlarydyr hünärmenleri zäh­met çek­ýär­ler. Şeý­le hem ýur­du­myz­yň or­ta mek­dep­leriniň 12-sinde we ýo­ka­ry okuw mek­dep­leriniň 5-sinde ýa­pon di­li öw­re­dil­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň iri bi­lim ojak­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Mu­ňa mysal hökmünde şu ýy­lyň mart aý­yn­da S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti bi­len Hi­ro­sa­ki uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da gol çe­ki­len Hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şy­gy hem gör­kez­mek bo­lar. Bu yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de maý aýyn­da Aş­ga­bat­da Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tin­de ýa­pon ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň pro­fes­sor­la­ry bi­len ýo­ka­ry ha­syl­ly mi­we­le­riň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­li­şi­niň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry we bu teh­no­lo­gi­ýa­ny Türk­me­nis­ta­nyň top­rak ho­wa şert­le­ri­ne or­naş­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da okuw sa­pa­gy ge­çi­ril­di.
Umu­man, bi­lim ul­ga­myn­da türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gyny pug­ta­lan­dyr­mak, gel­je­gi na­zar­la­ýan bu ugur­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň giň­den ösdürilmegine uly müm­kin­çi­likler dö­red­ip berýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris!

Azat MY­RA­DOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.