Ger­ma­ni­ýa­nyň “Li­li­um” şe­re­ke­ti­niň iş­läp dü­zen, dik­li­gi­ne gö­te­ri­lip hem-de go­nup bil­ýän uç­ýan ula­gy sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­gyň tiz­li­gi­niň sa­gat­da 100 km-den ge­çen­di­gi mä­lim edil­di. Bäş orun­lyk ula­gyň il­kin­ji sy­na­gy­nyň üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan­dy­gy we köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ulag 100 sa­gat­dan gow­rak uçup, dür­li sy­nag­lar­dan ge­çi­ril­di. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­la­ry elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän bu ula­gyň 2025-nji ýyl­dan baş­lap, iri şä­her­ler­de ula­ny­lyp baş­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da 350 iş­gä­ri bo­lan “Li­li­um” şe­re­ke­ti Mýun­he­niň go­la­ýyn­da ikin­ji önüm­çi­lik des­ga­sy­ny gu­rup, iş­gär sa­ny­ny
500-e ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär. Uç­ýan tak­si­niň ga­nat­la­ryn­da 36 sa­ny ki­çi göw­rüm­li he­re­ket­len­di­ri­ji bo­lup, ola­ryň umu­my kuw­wa­ty 2000 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Ulag taý­ýar bo­la­nyn­da, onuň sa­gat­da­ky tiz­li­gi 300 km-e ýe­ter we bir ge­zek­lik­ zar­ýa­dy bi­len 300 km ýol ge­çer.