Ýo­ka­ry tiz­lik­li ara­gat­na­şy­gy üp­jün ed­ýän 5G te­le­fon­la­ry şu ýy­lyň ba­şyn­da ta­nyş­dy­ry­lyp hem-de sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp baş­lan­dy. 5G inf­rast­ruk­tu­ra­sy dün­ýä­niň kä­bir iri şä­her­lerin­de otur­dy­lan hem bol­sa, ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­den baş­lap, smart­fon ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry 4G we on­dan pes te­le­fon­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni gör­ne­tin azalt­dy­lar. Onuň de­re­gi­ne tä­ze 5G aý­ra­tyn­lyk­ly en­jam­la­ry­ny sa­tu­wa çy­kar­dy­lar. Ge­çen aýyň or­ta­la­ry­na ta­nyş­dy­ry­lan “iP­ho­ne” smart­fon­la­ryn­da bu aý­ra­tyn­ly­gyň ýok­du­gy köp­le­ri haý­ran gal­dyr­dy. Hä­zir­ki wagt­da bir­ne­me gym­mat ha­sap­lan­ýan 5G te­le­fon­la­ry­nyň in­di­ki ýyl­dan baş­lap, ep-es­li ar­zan­la­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Se­bä­bi, şeý­le te­le­fon­la­ry ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­lar gün­sa­ýyn kö­pel­ýär. Mo­bil en­jam­la­ry ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan “Xiao­mi” gel­jek ýyl­da azyn­dan 10 sa­ny 5G smart­fo­ny­ny sa­tu­wa çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Lei Jun Hy­taý­da ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä In­ter­net Kon­fe­ren­si­ýa­syn­da il­kin­ji 5G te­le­fo­ny – “Mi 9 Pro” ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Ol bu mo­de­le bo­lan is­le­giň örän ýo­ka­ry­dy­gy­ny we is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga ýe­ti­şip bil­me­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. Lei Jun bu ga­za­nyl­ýan ne­ti­jä­niň öz öňlerinde uly mak­sat­lar goý­ma­ga iter­gi ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, 2020-nji ýyl­da 5G aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan ýo­ka­ry, or­ta we baş­lan­gyç de­re­je­li tä­ze smart­fon mo­del­le­ri­ni taý­ýar et­jek­dik­le­ri­ni bel­le­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň mobil en­jam­la­ry hä­zir­ki wagt­da Hy­ta­ýyň smart­fon ba­za­ry­nyň 11,8 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Bu gör­ke­zi­ji­niň Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da 9,6 gö­te­rim­di­gi aý­dyl­dy.