Fransiýada guralan welosiped sergisinde belli awtoulag kompaniýasy “Peugeot”-yň welosipedi tanyşdyryldy. Dagda sürmäge niýetlenen ekoulag elektrik energiýasy bilen işleýär. Soňky wagtlarda welosipedlere bolan islegiň ýokarlanýandygyny göz öňünde tutup, welosiped öndürýän şereketleriň sany hem artýar. Esasan hem, şäher içinde sürmäge niýetlenen ulaglara islegiň ýokary bolmagynda, sürmegi has ýeňil bolan, elektrik energiýasy bilen işleýän modelleriň köp bolmagynyň täsiri uludyr. Golaýda “Bianchi” şereketi hem birnäçe görnüşli welosipedleriň täze tapgyryny satuwa çykarypdy. “Peugeot”-yň “eM01 FS PowerTube” atly täze ulagy geljek ýyl satuwa çykarylar. Welosipedde “Bosh”-yň elektrik mehanizmi oturdylar. Ýokary tizligi 25 km/sagat bolan welosiped bir gezekki zarýady bilen 140 kilometr ýol geçer. Bu görkeziji häzirki wagtda ýol hereketindäki elektrokarlaryňka barabardyr. Ulagyň bahasy we beýleki aýratynlyklary barada maglumat ýaýradyljakdygy mälim edildi.