Tehnologiýa babatda täzelikçi çözgütleri hödürlemegi bilen tapawutlanýan Singapurda dünýäniň ilkinji uçýan taksi duralgasy açyldy. “Volocopter” hem-de “Skyports” şereketleri tarapyndan işlenip düzülen “VoloPort” atly duralga uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem “Volocopter” bu ýerde ilkinji gezek şäheriň içindäki synagyny amala aşyrdy. Mundan ozalky synaglar belli çäklerde, howa menzillerinde we ilatyň ýok ýerlerinde amala aşyrylýardy. “Volocopter” şereketiniň ýolbaşçysy Floriýan Reýter “VoloPort”-y we “Volocopter”-i synagdan geçirmegiň özlerini tolgundyrandygyny belläp, uçýan taksi ekoulgamyny döretmek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. “Skyport” şereketiniň ýolbaşçysy Dunkan Wolker bolsa, Singapurda uçýan taksiniň şäherdäki synagynyň geçirilendigini belläp, ýurduň dünýäde ilkinji söwda maksatly uçýan taksi hyzmatynyň ýola goýlan şäheri boljakdygyny belledi.