Te­bi­gat­da­ky her bir jan­ly-jan­da­ryň özü­ni go­ra­ma­gy üçin ýa­ra­gy bar. Kä jan­dar ga­ty yl­gap bil­ýän bol­sa, kö­pü­si güýç­li zä­he­ri bi­len özün­den uly duş­man­la­ryn­dan go­ran­ýar. Ga­ty yl­gap bil­me­ýän, göw­re­si ki­çi­jik kir­pi­ler bol­sa, te­ni­ni gur­şap al­ýan ti­ken­le­ri ar­ka­ly beý­le­ki iri jan­dar­lar­dan go­ran­ýar­lar. Bu jan­dar­lar agaç ýap­rak­la­ry, mi­we­ler we mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Aga­ja hem dyr­ma­şyp bil­ýän bu jan­dar­lar iý­mit­len­mek üçin köp­lenç gi­je­si­ne da­şa­ryk çyk­ýar. Kir­pi­niň ag­ra­my 11 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýär. Bir kir­pi­de 5-7 mü­ň ara­ly­gyn­da ti­ken bol­ýar. As­lyn­da, bu ti­ken­ler kir­pi­niň de­ri­sin­dä­ki tü­ýüň ga­ty uç­la­ry­dyr. Kir­pi­ler haý­sy­dyr bir duş­ma­ny­na du­şan­la­ryn­da ti­ke­ni­ni çüm­dür­mez­den ozal, duý­du­ryş ber­ýär. Bu duý­du­ryş di­şi­ni gy­ja­mak, ti­ken­le­ri­ni oý­nat­mak, guý­ru­gy­ny ýe­re ur­mak ýa­ly gör­nüş­de bol­ýar. Bu ýag­daý kir­pi özü­ni howp as­tyn­da du­ýa­nyn­da bo­lup geç­ýär. Şeý­le ýag­daý­da ola­ryň ti­ken­le­ri aň­sat­lyk bi­len gop­ýar. Şeý­le hem bu jan­dar­lar kä­ha­lat­lar­da duş­ma­ny­na guý­ru­gy bi­len ur­mak ar­ka­ly öz ti­ken­le­ri­ni çüm­dü­rip bil­ýär­ler. Duş­ma­ny­nyň en­da­my­na çü­men ti­ken hiç hi­li ze­per ýe­tir­me­ýär, di­ňe awud­ýar. Has iri bo­lan ok­lu­kir­pi­le­riň ti­ken­le­ri bol­sa, uzyn bol­ýar.