Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalaryndan ruhlanyp, zähmet çekýän oba zähmetkeşleri ýene-de bir täze üstünlige barha golaýlap barýarlar. Ýurdumyzyň pagtaçylary döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Her gün ýurdumyzyň “ak altynly” meýdanlaryndan hoş habarlar yzygiderli gelip gowuşýar. Şu ýyl pagtaçylarymyz “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny ýygnamagy maksat edinýärler. Ýurdumyzyň zähmetsöýer pagtaçylarynyň ýylyň-ýylyna gazanýan üstünlikleri mähriban Arkadagymyzyň agrosenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijilere giň goldaw bermäge gönükdirilen öňdengörüjilikli oba syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp miwesidir.
Ilki bilen, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň zähmetkeşleri döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny welaýatda, galyberse-de ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Soňra onuň yzysüre Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň, Lebap welaýatynyň Darganata we Saýat etraplarynyň, Mary welaýatynyň Tagtabazar we Türkmengala etraplarynyň, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň hasyl ussatlary özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.
Umuman, ýurdumyzyň ähli künjegindäki hasyl ussatlary her ýylda giňden bellenilýän Hasyl toýuna çenli şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Pagtaçylar ýetişdirilen “ak altynyň” bereketli hasylyny soňky hanasyna çenli yrýa etmän ýygnap alýarlar. Hasyl toýy diýlende edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň bereketli türkmen topragyndan gazanýan uly üstünliklerini alamatlandyrýan baýramçylyk olaryň göwünlerini galkyndyrýar. Oba zähmetkeşleri döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oba özgertmeleriniň esasynda şu ýyldan başlap, oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy hasyl ussatlarynyň has-da öndürijilikli zähmet çekmegine ýol açdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurduň oba hojalyk ulgamyny doly özgertmek, daýhanlaryň zähmetiniň has netijeli we düşewüntli bolmagyny gazanmak, ýerden köp hasyl öndürip, olary gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Şonuň üçin oba hojalygynyň önümçiligine dünýäniň ösen döwletleriniň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasylly we ir ýetişýän görnüşlerini döretmek, hojalyklarda we ylmy-barlag institutlarynda tohumçylyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak hem-de täze usullary synag etmek işleri netijeli alnyp barylýar. Şeýle hem döwlet tarapyndan bu pudagyň zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Daýhan birleşiklere, kärendeçilere we beýleki önüm öndürijilere bökdençsiz işlemek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Milli baýlygymyz bolan pagta dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup, dokma senagatynyň döwrebap zawoddyr fabriklerinde gaýtadan işlenilip, dürli taýýar dokma önümleri daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi, bagtyýarlyk zamanamyzda bolelin durmuşda agzybir ýaşamagy üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulnur ALIÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.