Çuň­ňur maz­mun­ly ki­tap­lar, aja­ýyp eser­ler yn­san üçin uly ta­pyl­gy­syz sow­gat­dyr. Yn­san ru­hu­ny gan­dyr­mak­da ki­tap akyl ha­zy­na­sy, söz mül­kü­niň gen­ji, yg­ty­bar­ly ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ryň hem çeş­me­si­dir. Ki­ta­by söý­mek, ylym-bi­li­me sar­pa goý­mak ýö­rel­ge­si Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len giň­den da­ba­ra­lan­ýar. Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ki­tap­ha­na­la­ry­myz bar­ha baý­laş­ýar. Ne­şir iş­le­rin­de öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Türk­men hal­ky­nyň mil­li ýö­rel­ge­si­ni döw­re­bap ös­dür­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ki­tap­ha­na işi­ni ýo­la goý­mak üçin uly ta­gal­la­lar ed­ýär. Di­ňe bir paý­tag­ty­myz­da däl, we­la­ýat mer­kez­le­rin­de hem döw­re­bap ki­tap­ha­na­lar gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ki­tap­ha­na­lar – yl­myň we me­de­ni­ýe­tiň mer­ke­zi­dir. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len ki­ta­ba bo­lan çäk­siz hor­ma­tyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Ki­tap geç­mi­şiň, şu gü­nüň hem-de gel­je­giň aý­na­sy­dyr, paý­has­lar um­ma­ny­nyň göz­ba­şy­­dyr. Şeý­le hem ki­tap adam­zat dur­mu­şy­nyň mag­lu­mat­la­ry­nyň baý çeş­me­si­dir.

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, alym Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­ta­ba bolan garaýşy eser­le­rin­de hem be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” kitabynyň ikin­jisi şu söz­ler bi­len baş­la­nýar: “Ki­tap dün­ýä­ni aç­ýar. As­lyn­da, dü­nýä ki­ta­ba öw­rül­mek üçin ýa­şa­ýar. Ki­tap­lar asyr­la­ryň ta­ry­hy­ny, dur­mu­şy­ny, ru­hu­ny özü­ne siň­dir­ýän­di­gi bi­len şöh­rat­lan­ýar. Çün­ki ki­tap döw­rüň wasp­çy­sy, paý­has um­ma­ny”. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ry­hy­my­zy we me­de­ni­ýe­ti­mi­zi öw­ren­mek me­se­le­si­ne çuň­ňur ga­ra­ýar we köp­san­ly eser­le­ri­ni türk­men hal­ky­na peş­geş ber­ýär. Ata­lar sö­zün­de be­ýan edi­li­şi ýa­ly: “Ki­tap – adam paý­ha­sy­nyň mad­dy­laş­ma­gy­dyr.” Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eser­le­ri hal­ky­myz we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­daw bi­len gar­şy­lan­ýar.

Ki­tap halk­la­ry hem-de döw­let­le­ri bir­leş­dir­ýän ru­hy gym­mat­lyk bo­lup hem hyz­mat ed­ýär. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da her ýyl hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len “Ki­tap – hyz­mat­daş­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly” at­ly ne­şir önüm­le­ri­niň hal­ka­ra ki­tap ser­gi-ýar­mar­ka­sy ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl hem bu ab­raý­ly hal­ka­ra fo­ru­myny 5-6-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu hal­ka­ra fo­ru­ma dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan çap­ha­na ugrunda iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­lar bi­len bir ha­tar­da alym­lar hem-de ede­bi­ýat­çy­lar gel­ýärler. Bu dö­re­di­ji­lik fo­ru­my hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan, ýur­du­my­zyň we dün­ýä­niň çap önüm­le­ri se­na­ga­ty­nyň üs­tün­lik­le­ri­ni we ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le hem ol dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­nyň top­lan me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy­nyň öza­ra baý­laş­dy­ryl­ma­gy ug­run­da giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny hem ber­kit­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. 

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ne­şir­ýat-çap­ha­na ul­ga­my ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň iň mö­hüm yn­san­per­wer dü­zü­mi­niň bi­ri­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ala­da­sy ne­ti­je­sin­de, dün­ýäniň esasy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we en­jam­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ýur­du­my­zyň hä­zir­ki za­man ne­şir­ýat önüm­çi­li­gi­niň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy­na öw­rül­di. 2015-nji ýyl­da Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň Met­bu­gat öýü­niň tä­ze top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len bu ul­gam kuw­wat­ly müm­kin­çi­li­ge eýe bol­dy. 

Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ki­tap ser­gi-ýar­mar­ka­sy hem dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Oňa her ýyl­da dün­ýä­niň ­dür­li ýurt­la­ryn­dan ab­raý­ly ne­şir­ýat­la­ryň we­kil­le­riniň iş­jeň gat­naş­ma­gy hem mu­ňa aý­dyň su­but­na­ma­dyr.

 

Ahat NUR­ÝAG­DY­ÝEW, 

Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş 

uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.