Polşanyň Wroslaw şäherinde Merkezi Ýewropanyň edebiýat baýragy “Angelus”-yň eýesini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu ýyl oňa 51 ýaşly bolgar kyssaçysy, şahyry Georgiý Gospodinow 2011-nji ýylda neşir edilen “Hasrat fizikasy” romany üçin mynasyp boldy.
“Angelus” baýragy 2006-njy ýylda esaslandyrylyp, her ýylda berilýär. Onuň guramaçysy hem-de hemaýatkäri, Wroslaw şäheriniň häkimligi bolup durýar. Bu baýrak bilen polýak dilinde ýazylan ýa-da terjime edilen Merkezi Ýewropanyň iň gowy eserleriniň awtorlary sylaglanýar. Baýragyň pulunyň möçberi 150 müň zlot, ýagny 35 müň ýewro deň. Mundan başga-da, awtor perişdäniň şekilindäki heýkel bilen sylaglanýar.