Kanadaly 79 ýaşly ýazyjy zenan Margaret Etwud we britaniýaly 60 ýaşly ýazyjy zenan Bernardina Ewaristo 2019-njy ýylyň Halkara “Buker” baýragynyň eýeleri boldular. Etwud bu baýraga “Wesýetler” (The Testaments) atly romany üçin mynasyp boldy. Bu eser onuň “Hyzmatkäriň gürrüňleri” diýen romanynyň dowamy bolup durýar. Bu onuň ikinji “Buker” baýragy bolup, ol 2000-nji ýylda hem “Kör ganhor” romany üçin bu baýraga mynasyp bolupdy. Şeýle hem, ýazyjy zenan dört gezek baýragyň gysga sanawyna düşdi.
Ýazyjy zenan Bernardina Ewaristo hem “Gyz, Aýal, Beýleki” (Girl, Woman, Other) romany üçin bu baýraga mynasyp boldy. Ol bu baýragyň ilkinji garaýagyz eýesidir. Baýragyň iki ýazyjynyň arasynda paýlaşylmagy “Buker”-iň taryhynda üçünji gezek boldy. “Buker”-iň pul baýragynyň mukdary 50 müň funt sterlinge (63 müň dollar) deň. Ýeňijiler pul baýragyny öz aralarynda paýlaşarlar. Geçen ýyl bu baýraga Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi polýak ýazyjy zenany Olga Tokarçuk “Uçuşlar” romany üçin eýe boldy.
“Buker” iňlis edebiýaty boýunça dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň biridir. Baýrak 2013-nji ýyla çenli diňe Milletler Arkalaşygy ýurtlarynyň birinde ýaşaýan awtoryň iňlis dilinde ýazan romany üçin berilýärdi. Bu baýrak 2014-nji ýyldan bäri awtoryň nirede ýaşaýandygyna garamazdan, iňlis dilinde ýazylan roman üçin berilýär. Baýragyň ilkinji gowşurylyşy 1969-njy ýylda bolup geçipdi.