Soňky onýyllyk tamamlanyp barýar. Bu mynasybetli edebiýat web saýty “Literary Hub” soňky onýyllygyň iň gowy 10 romanyny saýlapdyr. Oňa gelip çykyşy wýetnamly amerikan ýazyjysy Wýet Tan Nguenanyň 2015-nji ýylda iň köp satylan “Duýgydaş” (The Sympathizer, 2015) romany, amerikan ýazyjysy Jorj Sondersiň 2017-nji ýylda “Buker” baýragyna mynasyp bolan “Bardodaky Linkoln” (Lincoln in the Bardo, 2017) romany, ýaş irland ýazyjy zenany Salli Runiniň iň köp satylan “Dostlar bilen söhbetdeşlik” (Conversations With Friends, 2017) romany girdi.
Şeýle hem 10 romanyň sanawynyň dowamyny aşakdaky romanlar düzýär:
451568.jpg“Peleňiň ýoldaşy” (The Tiger’s Wife, 2011) – Tea Obreht (ABŞ)
451571.jpg“Haýwanlar” (The Animals, 2011) – Jastin Torres (ABŞ)
451574.jpg“Bize täze at gerek” (We Need New Names, 2013) – NoWiolet Bulawaýo (Zimbabwe)
451578.jpg“Saňa näme degişli” (What Belongs to You, 2016) – Gart Grinwell (ABŞ)
451581.jpg“Ynha Gün” (Here Comes the Sun, 2016) – Nikol Dennis-Benn (Ýamaýka)
451584.jpg“Ol ýerde, ol ýerde” (There There, 2018) – Tommi Oranj (ABŞ)
451587.jpg“Hijran” (Severance, 2018) – Ling Ma (ABŞ)
Taýýarlan Mekan Annaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.