Merkuriý planetasy şu aýyň
11-ine Günüň öňünden geçer. Bu astronomik hadysa astronomlara planetanyň aýlawy barada has köp maglumat toplamaga ýardam eder. Merkuriniň Günüň öňünden geçjek güni, Güne iň golaý baran wagty bolup geçer. Güne iň ýakyn bolan bu planeta Ýer bilen Günüň arasyndan bir asyryň dowamynda 13 gezek geçýär. Adatça, bu hadysa maý ýa-da noýabr aýyna gabat gelýär. Mundan ozal Merkuriý planetasy 2003-nji, 2006-njy we 2016-njy ýyllarda Günüň öňünden geçipdi. Astronomlar mundan soňra, şeýle hadysanyň 2032-nji ýylyň 13-nji noýabrynda boljakdygyny belleýärler. 3,5 sagat dowam etjek bu hadysany dünýäniň dürli obserwatoriýalary internet arkaly göni ýaýlymda bererler.