Uçar­man­syz kos­mos uça­ry “X-37B” Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­syn­da 780 gün aý­la­nyp, ýe­re gon­dy. ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da­ky Ken­ne­di adyn­da­ky kos­mod­ro­my­na go­nan ho­wa gä­mi­si­niň ag­ra­my 5 ton­na­dan gow­rak. Bu kos­mos uça­ry at­mos­fe­ra­nyň da­şy­na çy­kyp, ýe­ne yzy­na ge­lip bil­ýän, ýag­ny köp ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen az san­ly kos­mos gä­mi­si­niň bi­ri­dir. Mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de ula­ny­lýan şeý­le uçar­lar hä­zi­re çen­li kos­mos­da je­mi 2 865 gün ge­çir­di. Iki ýyl­dan gow­rak gon­maz­dan he­re­ket eden bu uçar 2017-nji ýy­lyň 7-nji sent­ýab­ryn­da uçu­ry­lyp­dy. “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len uçar 2011-nji ýyl­da ula­nyş­dan gal­dy­ry­lan kos­mos şatl­la­ry­nyň ki­çeň­räk gör­nü­şi­dir. Bu kos­mos uça­ry­nyň ýük gö­ter­mek üçin ýö­ri­te bö­lü­mi hem-de he­re­ke­ti­ni do­wam et­dir­me­gi üçin açy­lyp ýa­pyl­ýan Gün pa­nel­le­ri bar. Uzyn­ly­gy 9 met­re, ga­na­ty­nyň açyk­ly­gy 5 met­re ba­ra­bar bo­lan uçar eme­li hem­ra­la­ryň sen­sor­la­ry­ny da­şa­mak hem-de kos­mos gi­ňiş­li­gin­de dür­li tej­ri­be­le­ri ge­çir­mek üçin peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le uça­ryň il­kin­ji­si 2010-njy ýyl­da, ikin­ji mo­de­li 2011-nji ýyl­da uçu­ry­lyp­dy.