Is­len­dik jan­ly-jan­dar dynç al­ma­ga ze­rur­lyk duý­ýar. Süý­ji we ra­hat uky­nyň ber­ýän ra­hat­ly­gy­nyň ýe­ri­ni tut­jak baş­ga zat ýok. Haý­wan­la­ryň kö­pü­si bir­nä­çe sa­gat­lap uk­la­ýan bol­sa, köp jan­da­ryň beý­ni­si­niň di­ňe ýa­ry­sy uk­la­ýar. Ýag­ny olar sä­hel­çe se­se oýan­ýar­lar. Bu uka he­mis­fe­ra uku­sy hem di­ýil­ýär. Şeý­le uky wag­tyn­da jan­dar­la­ryň bir gö­zi ýa-da iki gö­zi hem açyk bol­ýar. Guş­la­ryň kä­bir gör­nü­şi, kit­ler, del­fin­ler, kä­bir süý­re­ni­ji jan­dar­lar şeý­le ýagdaýda uk­la­ýar­lar. Ki­çi­räk jan­dar­la­ryň kö­pü­si duş­man­la­ryn­dan go­ran­mak üçin şeý­le uk­la­ýar­lar. Guş­la­ryň kö­pü­si gi­je­si­ne ýatýar. Olar köp­lenç agaç şa­ha­la­ryn­da, kö­wek­ler­de we hö­würt­ge­ler­de uk­la­ýarlar. Eý­sem, guş­la­ryň kä­bir gör­nü­şi­niň bir aýa­gy­nyň üs­tün­de, dik du­rup uk­la­ýan­dy­gy­ny eşi­dip­mi­di­ňiz?! Üs­te­si­ne-de, ýer­de däl-de, aga­jyň şa­ha­syn­da. Ha­wa, öý guş­la­ry hem köp­lenç şeý­le ýag­daý­da uk­la­ýarlar. Ola­ryň be­den gur­lu­şy dik aýak üs­tün­de ýy­kyl­maz­dan dur­ma­gy üçin amat­ly­dyr. Bu guş­lar şa­ha ýa-da ke­se du­ran aga­ja go­nup, bir aýa­gy­nyň üstünde duranynda, onuň ag­ra­my bir aýa­gy­na de­ň ýag­daý­da düş­ýär. Em­ma guş­lar ga­ty ýa­dan wag­ty iki gö­zü­ni hem ýa­pyp, süý­ji uka gid­ýär­ler. Has so­wuk ýer­de ýa­şa­ýan guş­lar bol­sa, gy­şy­na bir-bir­le­ri­ne dy­ky­ly­şyp uk­la­ýarlar. Şeý­le­lik­de, olar bir-bir­le­ri­niň be­den ýy­ly­lyk­la­ryn­dan peý­da­lan­ýarlar. My­sal üçin, ping­win­le­riň ýüz­ler­çe­si bir ýe­re jem­le­nip, ge­zek­li-ge­ze­gi­ne ýer­le­ri­ni ça­l­şyp, dynç al­ýarlar.