Türkmen halkynyň milli teatr sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşgine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, bagtyýarlyk döwründe milletiň ruhy derejesi ilkinji orunda goýulýar. Şol maksat bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän teatrlar gurlup, ulanmaga berildi. Täze teatrlarda işlemäge, öz döredijilik ukybyňy açmaga ähli mümkinçilikler bar.

Me­de­ni­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň stra­te­gik se­riş­de­si bol­mak bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Çün­ki hal­kyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň esa­syn­da, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ryň hem-de ösüp gel­ýän nes­liň ara­syn­da jem­gy­ýet­çi­lik ga­raý­şy ke­ma­la ge­tir­mek hut şo­nuň bi­len üz­nük­siz bag­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň me­de­ni ul­ga­my­nyň ösü­şin­de teatr­la­ryň or­ny hem ulu­dyr.

Teatr – adam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ba­ha­sy­ny öl­çäp bol­ma­jak gym­mat­lyk­la­ry­ň bi­ri­dir. Soň­ky ýyl­lar­da türk­men te­at­ry ýaş nes­li ah­lak taý­dan ter­bi­ýe­le­ýän, hal­ky­my­zy dün­ýä hem-de mil­li ru­hy gen­ji-ha­zy­na­la­ry­myz bi­len ta­nyş­dyr­ýan me­de­ni­ýet oja­gy­dyr. Şo­nuň üçin bu ug­ry döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mä­ge hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra me­de­ni fo­rum­lar teatr sun­ga­ty­nyň ösü­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Şu ýy­lyň 19-23-nji no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek “Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty” at­ly III hal­ka­ra fes­ti­wa­ly hem mu­ňa aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Bu dö­re­di­ji­lik fo­ru­my­na ABŞ-dan, Eý­ran­dan, Ita­li­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­z Res­pub­li­ka­syn­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Uk­rai­na­dan, Öz­be­gis­tan­dan we Es­to­ni­ýa­dan teatr to­par­la­ry­nyň, sun­gat­şy­nas­la­ryň hem-de sah­na işi bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­lar öz sah­na oýun­la­ry­ny gör­ke­zer­ler, şeý­le hem onuň çäk­le­rin­de sun­gat ser­gi­le­ri, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, mas­la­hat­lar we us­sat­lyk sa­pak­la­ry ge­çi­ri­ler.

Giň ge­rim­li teatr fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi kä­mil­leş­dir­mek, ony dün­ýä ta­nyş­dyr­mak, hal­ka­ra dö­re­di­ji­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek we Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de tä­ze iter­gä eýe bo­lan teatr sun­ga­ty­nyň we­kil­le­ri­niň tej­ri­be alyş­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.

Hä­zir ýur­du­myz­da döw­let teatr­la­ry­nyň 10-sy, şol san­da paý­tag­ty­myz­da 6-sy we we­la­ýat­lar­da 4-si iş­le­ýär. Teatr to­par­la­ry­nyň yg­ty­ýa­ryn­da hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­sy bi­len üp­jün edi­len aja­ýyp bi­na­lar bo­lup, olar is­len­dik teh­ni­ki çyl­şy­rym­ly­ly­gy bo­lan oýun­la­ry sah­na­laş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de teatr muş­dak­la­ry­na ru­hy lez­zet be­rip, ola­ryň göz­ýe­tim­le­ri­ni gi­ňel­dip, dur­mu­şa, ýa­şaý­şa bo­lan dü­şün­je­le­ri­ni, hö­wes­le­ri­ni art­dy­ryp, hal­ka hyz­mat ed­ýän teatr iş­gär­le­ri­niň üm­zü­gi ile­ri. Olar dür­li oýun­la­ry sah­na­laş­dy­ryp, hal­ky­my­zyň ru­hu­ny gö­te­rip gel­ýär­ler. Türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň, sun­ga­ty­nyň pa­jar­lap ös­me­gi üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ze hal­ky­my­zyň al­ky­şy­nyň çä­gi ýok.

Gül­ja­han SA­RY­HA­NO­WA,

S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky

TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.