Türk­men hal­ky ga­dym dö­wür­lerden bäri agaç ek­megi so­gap iş ha­saplap gelýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz “Adam bag­dyr-zäh­met bag­ban”, “Bag-bak­ja se­niň how­lyň ly­ba­sy­dyr”, “Bir na­hal ek­seň, ýa­şyň ba­kydyr”, “Bir ýyl tut ek­seň, ýüz ýyl al­tyn alar­syň” ýa­ly pa­ra­sat­ly söz­le­ri bi­ze mi­ras go­ýup­dyr­lar. Türk­men­ler­de ga­dym­dan bä­ri agaç na­hal­la­ry­ny oturd­ýan ada­ma uly sar­pa go­ýul­ýar. Şeý­le hem türk­me­niň gör­nük­li şa­hy­ry Ga­ra Se­ýit­li­ýe­wiň goş­gu­syn­da:

Dün­ýe­den hiç kim­se öt­me­sin bi­kär,

Bol­man­da bir agaç ek­sin ýa­dy­gär.

Kim-de kim bir agaç ek­se ýa­dy­gär,

Dün­ýäň ki­ta­byn­da onuň ady bar

– di­ýip, bel­läp geç­ýär. Ha­ky­kat­dan hem her bir yn­san ýa­şan döw­rün­de il-hal­ka, ata Wa­ta­ny­na peý­da­ly iş­le­ri et­me­li­dir. Bag ek­mek do­wa­mat­ly­lyk­dyr, te­bi­ga­tyň tä­sin bir gö­zel­li­gi­ne öz­bo­luş­ly gö­zel­lik çaý­mak­dyr.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­la­ry bi­len ýur­dumy­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Her ýy­lyň ba­har, güýz aý­la­ryn­da ählihalk bag ek­mek, öň­ki bar bo­lan bag­la­ra ideg et­mek çä­re­si­ne ba­dal­ga be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de her ýy­l mi­we­li, sa­ýa­ly, pür­li, be­zeg agaç­la­ry­nyň mil­lion­lar­çasy eki­lip, to­kaý zo­lak­la­ry dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ählihalk bag ek­mek, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek ýa­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, mäh­ri­ban Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­ga­ty ýyl-ýyl­dan gö­zel­leş­ýär.

Ýy­lyň-ýy­ly eki­lip, ta­la­ba­la­ýyk ide­di­lip, günsa­ýyn boý al­ýan to­kaý zo­lak­la­ry oba-kent­leri­mi­zi, eda­ra-kär­ha­na­la­ry, ýol­la­ry­my­zy be­ze­ýär, ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gyny üp­jün edýär. Ýur­du­myz­da te­biga­ty go­rap sak­la­ma­ga we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga iter­gi ber­ýär.

Ählihalk bag ek­mek mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­lany­şyk­ly ýü­ze çyk­ýan ýa­ra­maz tä­sir­le­re gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça bü­tin­dün­ýä çä­re­si­ne iş­jeň go­şul­mak­dyr. Çün­ki ekil­ýän bag­lar kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne oňat siň­dir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bilen geçirilýän ählihalk bag ek­mek dabarasyna iş­jeň gat­na­şyp, eziz Di­ýa­ry­my­zyň ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rül­me­gi­ne go­şant goş­mak, bi­ziň her bi­ri­miz üçin uly bagt­dyr.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,

Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň

Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň

hü­när­me­ni.