Guşlar tebigatyň bezegi. Olaryň ýakymly owazy adama rahatlyk berýär. Eýsem, bir guş näçeräk ses çykaryp bilýärkä?! Amazon tokaýlyklarynda ýaşaýan ak jaňçy guşuň dünýäde iň batly sesli guşdugy anyklandy. Bu guş tokaýlygyň demirgazyk böleklerinde, agaçlaryň şahasynda ýaşaýar. Ýabany miweler bilen iýmitlenýän jaňçy guşuň çykarýan sesiniň bady 125 desibele ýetýär. Mundan ozal 116 desibel ses çykarýan piha (“Lipaugus vociferans”) guşlarynyň iň batly sesli guşdugy çaklanylýardy. Massaçusetts uniwersitetiniň hünärmeni Jeff Podos hem-de guşlary öwreniji Mario Kon-Haft ak jaňçy guşlaryň çykarýan sesiniň tolkunlarynyň hem örän güýçlüdigini belleýär. Agramy bary-ýogy 250 gram bolan, jaňçy guşuň myşsalary we giň açylýan agzy bilen batly ses çykaryp bilýändigi anyklandy. Jeff Podos bu guşuň agzynyň giň açylmagy bilen anatomiýasynyň edil saz guralyna öwrülýändigini aýdýar. Häzirki wagtda hünärmenler dürli enjamlardan peýdalanyp, haýsy guşuň sesiniň näçe km ýetýändigini anyklamaga çalyşýarlar.