Waşington uniwersitetiniň hünärmenleri almanyň täze görnüşini döretdiler. Bu miwe uzak wagtlap zaýalanman saklanýar. Sary tegmiljikleri bolan gyzyl alma “Cosmic Crisp” diýlip atlandyrylýar. Miwäniň täze görnüşi otag şertlerinde hem-de sowadyjyda has uzak wagtlap zaýalanman durýar. Şeýle hem alma dürli kesellere garşy durnukly bolmagy bilen tapawutlanýar. Miwäniň tagamy we suw mukdary hem kadaly. Bu täze görnüşiň döredilmeginiň esasy maksadynyň, zaýaçylygyň öňüni almakdygy mälim edildi. Okuw jaýy täze döredilen almany 10 ýyllap satar. Ondan soňra, beýleki isleg bildirýänlere hem bu almany ösdürip ýetişdirmäge rugsat berler. Häzirki wagtda uniwersitet 12 million alma nahalyny oturdypdyr. Bu nahallar ýetişen wagty onlarça müň tonnadan gowrak hasyl alnar. Hünärmenler bu görkezijiniň yzygiderli artdyryljakdygyny belleýärler.