Germaniýanyň BMW kompaniýasy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “MINI Cooper SE” modelini tanyşdyrdy. Ulagyň bahasynyň 29 900 dollardygy mälim edildi. 2020-nji ýyl model “Cooper SE”-niň daşky gurşawa zyýansyz, ulanmaga amatlydygy aýdyldy. Ulagyň daşky şekili adaty benzinli ulaglardan o diýen tapawudy ýok. Täze ulagyň kuwwaty 181 at güýjüne barabar bolup, 0-dan 100 km/s tizlige 6,9 sekuntda çykýar. Ulag bir gezekki zarýady bilen 235 km – 270 km aralygynda üýtgeýär. Iň ýokary tizligi 150 kilometre barabar bolan “MINI Cooper SE” ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilipdir. Beýleki eletrokarlar ýaly, hiç hili sesi bolmadyk ulagda howpsuzlyk maksady bilen emeli ses gataldyjy oturdylypdyr. Ulagyň dizaýny 2014-nji ýylda çykan iki gapyly MINI modellerine meňzeş bolup, olardan sähelçe beýik. Munuň sebäbi bolsa, ulagyň batareýasy aşagyna ýerleşdirilipdir. Elektrokaryň zarýad almagy üçin 4 sagat gerek. 35 minut zarýad berlende 80 göterime çenli dolýar. Ulagyň duruzyjy ulgamy energiýa öndürmäge niýetlenipdir. Içki dizaýny hem täzelenen ulagyň bagažynyň göwrümi 211 litr. Yzky oturgyçlaryň ýatyrylmagy bilen, bu görkeziji 731 litre ýetýär. Täze elektrokar indiki ýylyň martynda satuwa çykarylar.