Ýylyň üçünji çärýeginde öňdebaryjy telefon öndürijileriniň täze sanawy mälim edildi. IDC maslahat beriş şereketiniň ýaýradan maglumatlaryna görä, üç aýyň dowamynda global bazarda 358 million 300 müň täze telefon satylypdyr. Birnäçe ýyldan bäri bu ugurda sanawyň başyny çekýän “Samsung” 78,2 million telefon satypdyr. Şeýlelikde, “Samsung” telefonlary bazaryň 21,8 göterimini eýeläpdir. Hytaýyň “Huawei” kompaniýasynyň satuwy 66,6 million bolupdyr. Bu görkeziji satylan telefonlaryň 18,6 göteriminiň hytaý brendine degişlidigini görkezýär. Üçünji ýeri “Apple” amerikan kompaniýasy eýeleýär. Önümçiliginiň uly bölegi Hytaýda we Taýwanda amala aşyrylýan “iPhone” smartfonlaryndan 46,6 milliony satylypdyr. Bu görkeziji global telefon bazarynyň 13 göterimine gabat gelýär. Degişli döwürde “Apple”-iň satuwynyň 0,6 göterim pese gaçandygy mälim edildi. Hytaýyň beýleki bir kompaniýasy bolan “Xiaomi” 32,7 million smartfon satypdyr. Bu görkezijiniň geçen ýyldakydan 3,3 göterim pesdigi mälim edilýär. Ilkinji bäşligiň soňky basgançagyna ýerleşen “Oppo” kompaniýasynyň smartfonlaryndan 31,2 milliony satyn alnypdyr. Soňky wagtlarda 5G aýratynlykly telefonlary öndürmäge has köp üns berýän “Oppo”-nyň satuwy geçen ýyldakydan 4,2 göterim ýokary bolupdyr.