“SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň äh­li ýe­ri­ni ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün et­me­gi mak­sat edin­ýän tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de 60 sa­ny eme­li hem­ra kos­mo­sa uçu­ryl­dy. “Star­link” at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de iş­le­nip dü­zü­len eme­li hem­ra­lar Flo­ri­da­da­ky Keýp Ka­na­we­ral kos­mod­ro­myn­dan Ýe­riň or­bi­ta­sy­na ibe­ril­di. Tas­la­ma şä­her­den uzak­da­ky in­ter­ne­tiň pes ýer­le­ri­ni ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net hyz­ma­ty bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Eme­li hem­ra­lar in­di­ki ýyl­dan baş­lap işe gi­ri­zi­ler. Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de je­mi 420 eme­li hem­ra or­bi­ta ýer­leş­di­ri­ler. Kom­pa­ni­ýa şu ýy­lyň 5-nji ma­ýyn­da hem 60 sany eme­li hem­ra­ny kos­mo­sa uçu­ryp­dy. Tas­la­ma do­ly dur­mu­şa ge­çi­ri­len­den soň­ra “SpaceX” iň köp eme­li hem­ra­ny do­lan­dyr­ýan kom­pa­ni­ýa bo­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da iki müň­den gow­rak iş­jeň ýag­daý­da­ky eme­li hem­ra bar.