Ýaponiýanyň “Hayabusa2” kosmos gämisi Rýugu asteroidinden Ýere tarap ugur aldy. Ýapon Kosmos Barlaglary Agentliginiň (JAXA) bu enjamy ýene-de bir ýyl töweregi wagtdan, indiki ýylyň noýabrynda ýa-da dekabrynda Ýere gelip ýeter. Kosmos gämisiniň şu ýylyň ahyryna çenli asman jisiminde galdyrylmagy maksat edinilýärdi. Emma ol özüne berlen ýumuşlary wagtyndan öň ýerine ýetirmegi başardy. Kosmos agentliginiň dolandyryjylary Makoto Ýoşikawa we Ýuiçi Tsuda “Hayabusa2”-niň kyn ýumuşlary ýerine ýetirendigini bellediler. 2014-nji ýylyň dekabrynda uçurylan kosmos gämisi geçen ýyl bu asman jisimine baryp ýetipdi. Ol gämi iki gezek Rýugu atly asman jisimine gonup, ol ýerden nusgalyk toprak aldy. Alnan nusgalyklar Gün ulgamynyň nähili emele gelendigi barada maglumat toplamakda peýdalanylar. Diametri 1 kilometre barabar bolan Rýugu asteroidi Ýerden 300 million km çemesi uzaklykda. Bu aralyk Ýer bilen Günüň arasyndaky uzaklygyň iki essesine barabar.