Uky di­ňe dynç al­mak üçin däl, eý­sem, beý­ni­niň we beý­le­ki be­den ag­za­la­ry­nyň tä­ze­len­me­gi üçin hem ze­rur­dyr. Uky wag­tyn­da adam bedeni er­tir­ki gü­ne taý­ýar­lyk gör­ýär. Wagt­ly-wag­tyn­da uk­la­mak has äh­mi­ýet­li­dir. Ça­ga­lar, esasan, uku­da ma­ha­ly ulal­ýar­lar. Şol se­bäp­li bä­bek­ler has köp uk­la­ýar­lar. Uku­sy­ny al­ýan ça­ga­nyň ösü­şi hem çalt bol­ýar. Şeý­le hem ýe­ter­lik uky tä­ze zat­la­ry öw­ren­mek uky­by­ny, ýat­keş­li­gi ös­dür­ýär. Uku­syz­lyk ka­da­ly na­har­lan­ma­ga hem päs­gel ber­ýär. Bi­ler­men­ler äh­li ýaş­da­ky ça­ga­la­ryň gi­je sa­gat 22:00-dan öň ýat­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Ço­la­şyp ýy­kyl­maz­lyk üçin köw­şü­mi­ziň bag­jy­gy­ny daň­ma­gyň, di­şi­mi­ziň çüý­re­me­zli­gi üçin aras­sa­la­ma­gyň ze­rur bol­şy ýa­ly, sag­ly­gy­my­zy go­ra­mak üçin hem ka­da­ly uk­la­mak ze­rur­dyr.

Okuw ders­le­rin­de, sy­nag­lar­da, gün­de­lik maşk­ ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ende we sport bi­len meş­gul bol­nan­da üs­tün­lik ga­zan­mak üçin ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­mak ze­rur­dyr. My­sal üçin, okuw­dan soň­ra bas­ket­bol oý­na­ýan bol­sa­ňyz we ök­de bas­ket­bol­çy bo­la­sy­ňyz gel­ýän bol­sa, ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­ma­ly. Sa­pak­da öw­re­di­len­le­ri öz­leş­dir­mek is­le­se­ňiz, hök­man ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­ma­ly. El­bet­de, bu zat­lar üçin di­ňe uky ýe­ter­lik däl, em­ma uky­ňy al­ma­gyň tä­si­ri örän uly.

Uk­la­maz­dan 30-60 mi­nut ozal äh­li elekt­ron en­jam­la­ry öçü­riň we di­şi­ňi­zi aras­sa­la­mak, ýu­wun­mak bi­len uk­la­ma­ga ta­ýyn­lyk gö­rüň! Hep­dä­niň ahy­ryn­da, okuw ýok gün­le­ri hem he­mi­şe­ki wagt­da ýat­ma­ga çal­şyň! Ir ýa­typ, ir tur­ma­gyň ala­da­sy­ny ediň! Bel­li bir wagt­da ýat­ma­gy en­dik edin­se­ňiz, şol wagt­da uk­la­mak si­ziň üçin kyn bol­maz. Yzy­gi­der­li 10 gün ir ýa­typ, ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­ny­ňyz­dan soň­ra, mu­nuň ne­ti­je­si­ni gö­rer­si­ňiz.