Gar­ga­lar Gü­nüň şöh­le­si dü­şüp, ýal­pyl­da­ýan zat­la­ry örän go­wy gör­ýär­ler. Gar­ga­nyň hö­würt­ge­si bar­la­nyp gör­len­de, onuň için­den bir bö­lek aý­na gyý­ça­gy, döw­len çäý­ne­giň gul­py, şeý­le hem ýal­pyl­dap du­ran de­mir bö­le­gi ta­py­lyp­dyr.
Ba­lyk­gu­la­gyň ga­by­gy­nyň da­şyn­da­ky bu­rum-bu­rum bo­lup du­ran çy­zyk­lar, ge­çi­niň şa­hyn­da­ky we ke­si­len aga­jyň ke­si­gin­dä­ki hal­ka­lar olaryň ýa­şy­ny kes­git­le­ýär.
Pi­ra­na ba­lyk­la­ry­nyň bar ýe­rin­de çeň­ňek bi­len ba­lyk tut­mak aňsat däl­dir. Çün­ki pi­ra­na­lar çeň­ňe­ge da­ky­lan za­dy ýa-da dü­şen ba­ly­gy hiç bir zat gal­dyr­maz­dan iý­ýär­ler.
Ba­lyk­la­ryň kä­bir gör­nü­şi kä­te gu­ry ýer­de hem ýö­re­ýär. Hat­da olar agaç­la­ryň su­wa ýa­kyn şa­ha­sy­na çy­kyp, mör-mö­jek­le­ri hem aw­la­ýar.
Adam beý­ni­si­niň ag­ra­my öz göw­re­si­niň ag­ra­my­nyň 40-dan 1-ine deň­dir. Iň uly jan­dar­lar bo­lan ki­tiň beý­ni­si­niň ag­ra­my bol­sa, öz ag­ra­my­nyň 15 müňden 1-ine ba­ra­bar­dyr.
Dü­ýe 15 mi­nut­da 200 litr suw içip bil­ýär.
Uly agaç her gün 17 ada­ma ýet­jek kis­lo­ro­dy bö­lüp çy­kar­ýar we 22,5 ki­log­ram kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­dir­ýär.
Dün­ýä­de sarp edil­ýän ka­gy­zyň ýa­ry­sy gaý­ta­dan iş­le­nil­se, her ýyl 8 mil­li­on gek­tar to­kaý go­ra­lyp bil­ner.
Her ada­myň gün­de­lik dur­muş­da sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry üçin ýyl­da 7 sa­ny agaç çig mal hök­mün­de ula­nyl­ýar.
Bo­ýy 100 metr­den, dia­met­ri 12 metr­den geç­ýän Se­kwo­ýa agaç­la­ry­nyň to­hu­my­nyň ini 1 mm, uzyn­ly­gy 4-5 mm deňdir.

Ma­ýa­gö­zel Seý­li­ýe­wa,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TOHU-nyň mu­gal­ly­my.