Şu gün dünýäniň öňdebaryjy halkara awtoulag sergileriniň biri hasaplanýan Los-Anjeles awtoulag sergisi öz işine başlady. bu pudaga bagyşlanan ýylyň ahyrky sergisinde elektrokarlar hem-de gibrid ulaglar agdyklyk edýär. Awtoulag senagatynyň geljegi barada pikir berýän halkara gözden geçirilişe müňden gowrak awtoulag modeli gatnaşýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary “VW I.D. Space Vizzion”, “Lexus LF-30”, “Volkswagen Atlas cross sport”, Mercedes-AMG GLE 63 S”, “Mercedes-Maybach S 650”, “Hyundai Vision T concept”, “Toyota Rav 4 Prime”, “Toyota Mirai 2021” we “Kia Seltos” ýaly ýakynda satuwa  hödürlenjek hem-de nusgalyk ulaglary görkezýärler.