“Toyota” kompaniýasy “Prius Plug-in Hybrid” atly modeliniň täze nusgasy Gün energiýasyndan has köp peýdalanar. Köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan ilkinji gibrid ulag bolan “Toyota Prius Plug-in Hybrid” 1997-nji ýylda öndürilip başlanypdy. Ýapon kompaniýasy şondan bäri bu ugurda global bazarda öňdeligi eýeläp gelýär. Täze modeli 100 kilometrde 1,3 lt ýangyç sarp edýär. Ulag dolulygyna elektrik motory bilen sürlende 45 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Ulagyň üçegine ýerleşdirilen Gün paneli onuň her gün 5 km ýol geçip bilmegi üçin tok öndürýär. Elbetde, munda howa şertleriniň hem täsiri hem bar. Bu görkeziji her ýylda 1500 km-den geçýär. Ulagyň ilkinji nusgasy 2016-njy ýylyň sentýabrynda satuwa çykarylypdy.