Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li­lik, pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri we däp­le­ri döw­le­ti­mi­ziň oňyn Bi­ta­rap­ly­ga esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni bo­lup dur­ýar. Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­mak­da ga­za­nyl­ýan uly üs­tün­lik­le­ri, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­de we umu­ma­dam­zat ösüş­le­ri­ne da­hyl­ly me­se­le­le­riň oňyn çöz­güt­le­ri­ni tap­mak­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýar.
Türk­me­nis­tan Bi­ta­rap­ly­gyň esa­sy ýö­rel­ge­le­rin­den ugur alyp, se­bi­tiň we dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len iş­jeň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ama­la aşyr­ýar. Hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na, deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek bi­len, hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de my­na­syp or­ny eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry hem-de dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry bi­len ýo­la goý­lan sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga we çuň­laş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýagdaýyna eýe bol­mak bi­len, dün­ýä­de äh­li halk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­da we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryn­da ýa­şa­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýan yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze, ýag­ny se­bit­de we tu­tuş dün­ýä­de bar bo­lan çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­riň oňyn çöz­gü­di­niň göz­le­nil­ýän we ta­pyl­ýan ýe­ri­ne öw­rü­len­di­gi, mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň ýüzden gowrak döw­le­ti bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Ola­ryň ag­la­ba­sy bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar, şeý­le-de ýur­du­myz dün­ýä­niň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň kö­pü­si­niň ag­za­sy bol­mak bi­len, ola­ryň işi­ne iş­jeň gat­naş­ýar. Şol bir wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň ýö­red­ýän sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni na­zar­da tut­mak bi­len, BMG ta­ra­pyn­dan “Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni” ba­ra­da­ky Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi, onuň hem türk­men döw­le­ti­niň bi­ta­rap hu­kuk ýag­da­ýy­nyň bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len gü­ni bo­lan 12-nji de­kabr­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni hök­mün­de bel­le­nip ge­çil­me­gi iň­ňän buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr.
Türk­men döw­le­ti özü­niň BMG ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň şa­ny­na bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär.
Bi­ta­rap­lyk – bu pa­ra­hat­çy­lyk, asu­da­lyk, äh­lu­mu­my howp­suz­lyk, dost­luk­ly gat­na­şyk­lar, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bo­lan Ösüş Mak­sat­na­ma­sy, ÝU­NES­KO, Ilat gaz­na­sy, Ça­ga­lar gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, Bos­gun­la­ryň işi ba­ra­da­ky Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry­nyň Mak­sat­na­ma­sy, Ne­şe­le­re we je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek ba­ra­da­ky mü­dir­li­gi, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze ösüş­le­re eýe bol­ýar.
1995-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ze Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­sam­ble­ýa­sy­nyň 50-nji ses­si­ýa­syn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si BMG we onuň ag­za döw­let­le­ri ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len­dir. Bu ta­ry­hy wa­ka BMG-niň hem ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek ga­bat gel­ýär. Ýe­ne-de san­ly­ja gün­den, mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ni tu­tuş dün­ýä bi­len ulu­dan bel­läp ge­çe­ris. Bu baý­ram­çy­lyk pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän, halk­lar we se­bit­ler bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ile­ri tut­ýan, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­my­zy da­ba­ra­lan­dyr­ýan aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li baý­ram­dyr.

Gur­ban­my­rat DÖW­LE­TOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
uly mu­gal­ly­my.