Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işini döwrebap derejede ösdürmek babatda, giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ilata bank hyzmatlarynyň täzeçil görnüşleri hödürlenilýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde, ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmekde we bank hyzmatlarynyň häzirki zaman tehnologiýalary arkaly alnyp barylmagynda bank ulgamynyň ösüşi möhümdir. Milli Liderimiz ykdysadyýeti sanlaşdyrmak, bu ugurda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin, elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, harajatlary we wagty tygşytlamaga ýardam berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklaryň üsti bilen pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatynda işler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, elektron hasaplaşyk kartlarynyň, töleg terminallarynyň, bankomatlaryň sany, “Internet-bank”, “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän elektron hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar.
Ýurdumyzda bank ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda, golaýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem hasabatlar berildi. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, bank ulgamyny sanlaşdyrmak babatdaky işler barha çaltlandyrylýar. Bu babatda “Cash back” bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça ençeme işler alnyp barylýar. “Cash back” bank hyzmaty bank ulgamynda we internet söwdasynda giňden ulanylýar. Bu ulgam täze müşderileri çekmäge we olaryň bank kartlary arkaly has köp söwda işlerini amal etmegine mümkinçilikler döredýär.
Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýet ulgamyny giňden ornaşdyrmak babatdaky öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýän bank edaralarynyň biri-de “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankydyr. Bu bank sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini özleşdirýär we uzak aralykdan bank hyzmatlary ulgamyny ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýar. Häzirki wagtda hukuk taraplary we telekeçiler üçin, internet-banking hyzmatyny işe girizmeklige enjamlaýyn taýýarlyk işleri tamamlandy. Şeýle hem bank “Rysgal Pay” elektron gapjyk hyzmatyny işe girizdi. “QR-code” töleg ulgamy we elektron gapjyk ykjam enjamdan islendik tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini şahamçalaryň ählisine ornaşdyryp, olary bitewi bir ulgama birleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary ösüş depginleriniň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilen maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň bank ulgamynyň durmuşa geçirýän işleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Gurbanmyrat GURBANMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.