Angliýanyň “Bloodhound LSR” atly, daşky şekili uçara çalym edýän ulagy sagatda 1010 km tizlige ýetdi. “Bloodhound” şereketiniň işläp düzen çendenaşa ýokary tizlikli ulagy Günorta Afrikadaky Hakskinpan çölünde birnäçe synaglardan geçirildi. Onuň ilkinji synagynda 790 km/sagat tizlik hasaba alnypdy. Kompaniýanyň wekilleri tizlik synagynyň tamamlanandygyny mälim etdiler. Uçarlarda peýdalanylýan ýangyç bilen hereket edýän täsin ulagy Endi Grin atly ussat pilot dolandyrdy. Endi Grin 1997-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda “Thrust SSC” atly ulag bilen rekord (1228 km/sagat) goýupdy. Iňlis piloty bu gezekki synagda howa şertleriniň gowy bolandygyny, ulagyň inženerçilik maýa goýumlarynyň ajaýyp netijesidigini mälim etdi. Pilot geljek ýyl bu ulag bilen tizlik rekordyny täzeläp biljekdiklerini belledi. Inženerler “Bloodhound LSR” atly ulagy bilen 1609 km/sagat tizlige ýetip, “Thrust” ulagynyň rekordyny täzelemegi maksat edinýärler.