Te­bi­gat­da gym­mat­ly daş­la­ryň dür­li gör­nü­şi ga­bat gel­ýär. Şeý­le daş­la­ryň bi­ri hem dür­ler­dir. Bu tä­sin daş ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri gym­mat­ly be­zeg şa­ýy hök­mün­de ula­nyl­ýar. Bu daş ba­lyk­gu­lak­la­ryň kä­bir gör­nüş­le­ri­niň be­de­nin­de eme­le gel­ýär. Gymmatly da­şyň ak, sa­rym­tyl, gyz­gylt reňk­li­le­ri bol­ýar. Ba­lyk­gu­lak bu mon­ju­gy özü­ni go­ra­mak üçin dö­red­ýär. Bu jandar ça­nak­la­ry­nyň ara­syn­a gi­ren çä­ge zer­re­ji­gi­niň ýa-da haý­sy­dyr bir ow­nu­ja­k zadyň özüne ze­per ýe­tir­mez­li­gi üçin olaryň daşyny sa­dap mi­ne­ral­la­ry bi­len gaplaýar. Sa­dap mi­ne­ra­ly ga­ty, berk we ýal­dy­ra­wuk bol­ýar. Wag­tyň geç­me­gi bilen onuň da­şy­nda birigýän sa­dap gal­ňap, ýyl­ma­nak daş­ly mon­ju­ga öw­rül­ýär. Iki-üç ýy­lyň do­wa­myn­da eme­le gel­ýän bu da­şa bol­sa, dür di­ýil­ýär.

Ba­lyk­gu­la­gyň ça­na­gy­nyň iç­ki bö­le­gi­ni go­ra­mak üçin ön­dür­ýän sa­dap mi­ne­ra­ly­, şol birwagtyň özünde iç­ki gat­la­gy­nyň reň­ki­ni hem üýt­ged­ýär.