Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda “Türkmenistan–rowaçlygyň Watany” ýylynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, obasenagat toplumynyň işi barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyny döwrebap özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen hepdede oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynda hem pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin iri möçberli maýa goýum serişdeleriniň goýberilmegi hem-de daşary ýurtlaryň ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy, ekinleri ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler döredýär. Şonuň netijesinde, şu ýyl pagtanyň hem-de bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl edermen daýhanlarymyz 1 million 650 müň tonnadan gowrak galla, 1 million 60 müň tonnadan gowrak pagta taýýarlamagyň hötdesinden geldiler. Geljek ýyl oba zähmetkeşleri pagtanyň has köp hasylyny ýygnamagyň aladasyny edýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bugdaý ekilýän meýdanlary 760 müň gektardan 690 müň gektara çenli azaltmak we 1 million 400 müň tonna galla öndürmek meýilleşdirildi. Bugdaýdan artýan 70 müň gektar meýdana bolsa gowaça ekip, gowaça meýdanlarynyň 620 müň gektara çenli köpeldilmegi hem-de ýurdumyz boýunça 1 million 250 müň tonna pagta öndürmegiň maksat edinilmegi dokma we ösümlik ýagyny öndürýän senagat kärhanalarynyň işiniň ilerledilmegine giň mümkinçilikleri döretjekdigi ikuçsyzdyr.
Mundan başga-da, obasenagat toplumynda şalynyň, şugundyryň we beýleki ekinleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Maldarçylyk we guşçulyk ugurlary sazlaşykly ösdürilýär. Oba hojalyk pudagyna hususy pudagyň wekilleriniň giňden çekilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeginde iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy we täze taslamalaryň gurluşygy dowam edýär. Bu hem ýurdumyzda ilaty et-süýt, ýumurtga we beýleki maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin örän möhümdir.
Oba hojalygyna sanly ulgamy hem-de ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak babatda hem uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk ylmy-barlag institutlary toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän we kesellere durnukly ekinleriň täze görnüşlerini döredip, önümçilige ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzyň çar künjeginde yzygiderli ýagdaýda gurlup, ulanmaga berilýän ýyladyşhanalar toplumlary bazarlarymyzy gök-bakja önümleri bilen üpjün etmäge ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň netijeliligi esasynda ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň hili we möçberleri ýokarlanýar. Halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli döwlet işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Begenç BABAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.