Ir­land ýa­zy­jy­sy Os­kar Waýl­dyň (1854-1900) 18 ýyl mun­dan ozal ýi­ti­ri­len al­tyn ýü­zü­gi­ni gol­lan­di­ýa­ly sun­ga­ty öw­ren­iji Ar­tur Brand tap­dy. Ol “sun­gat dün­ýä­si­niň In­dia­na Jon­si” hem diý­lip ta­nal­ýar. Ba­ha­sy 40 müň ýew­ro deň bo­lan bu ýü­zük Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň Mag­da­li­ny kol­le­jin­de sak­lan­ýan eken. Ýa­zy­jy öz döw­rün­de bu ab­raý­ly okuw mek­de­bin­de okap bi­lim al­ýar.

2002-nji ýyl­da 18 ka­rat­lyk al­tyn­dan ýa­sa­lan bu ýü­zük ýit­ýär. Kim­dir bi­ri­niň ony me­tal bö­lek­le­ri­niň söw­da­gä­ri­ne 175 ýew­ro sa­tan­dy­gy bel­li bol­ýar. Ýö­ne gym­mat ba­ha­ly ýü­zük we­lin ta­pyl­man gal­ýar.

Üs­tün­den ep-es­li wagt ge­çen­den soň, Ar­tur Brand ýü­zü­giň göz­le­gi­ne çyk­ýar, mu­nuň üçin sun­ga­ty öw­re­ni­ji Lon­do­n bi­len has iç­gin ta­nyş bo­lan dost­la­ry­nyň kö­me­gi ar­ka­ly ýit­gi­ni ta­pyp, Mag­da­li­ny kol­le­ji­ne ge­ti­rip ber­ýär. Okuw mek­de­bi­niň ýol­baş­çy­la­ry bi­ler­me­ne ho­şal­lyk bil­di­ri­p, bu ýü­zü­giň ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni gu­ta­ran meş­hur uçu­rum­la­ryň kol­lek­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da my­na­syp orun eýe­le­jek­di­gi­ni bel­le­di­ler.