Şu ýylyň Gonkur baýragyna 69 ýaşly fransuz ýazyjysy Žan-Pol Dýubua mynasyp boldy. Edebiýat boýunça berilýän bu abraýly baýraga “Hemme adamlar bir tüýsli ýaşaýarlar” atly romany üçin eýe boldy. Ol bu eserini soňky 30 ýylyň dowamynda ýazypdyr. 2004-nji ýylda Žan-Pol Dýubua “Fransuz durmuşy” atly eseri üçin abraýly “Femina” baýraga mynasyp bolupdy.
Gonkur baýragy fransuz dilinde ýazylan iň gowy romanlara berilýär. Ol fransuz ýazyjylary – doganlar Edmon de Gonkuryň we Žýul de Gonkuryň adyny göterýär. Edmon de Gonkuryň wesýetnamasy bilen, 1900-nji ýylda doganlar Gonkuryň Akademiýasy döredilýär we 1903-nji ýylda ilkinji Gonkur baýragy gowşurylýar. Baýrak akademiýanyň 10 agzasynyň ses bermegi esasynda, her ýyl Parižiň “Drouant” restoranynda gowşurylýar.
Gonkuryň eýesine berilýän pul sylagy simwoliki häsiýete eýe bolup, bary-ýogy 10 ýewrodan ybaratdyr. Bu baýraga mynasyp bolmak, uly tiraž bilen eserleriňi çykarmaga, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatyňy ýetirip, kitabyň has köp satylmagyna ýardam berýär. Gonkur baýragy Akademiýanyň düzgünnamasyna görä, “ýylyň döredijilikli açyşy üçin” gowşurylýar. Geçen ýyl bu baýraga “Olardan soňky çagalar” romanynyň awtory fransuz ýazyjysy Nikolýa Matýe mynasyp bolupdy.