Di­ňe mo­bil en­jam­la­ry däl, eý­sem ek­ran önüm­çi­li­gin­de hem öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan “Sam­sung” AMO­LED ek­ran önüm­çi­li­gin­dä­ki üs­tün­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär. “IHS Mar­kit” bar­lag şe­re­ke­ti 2019-njy ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­ne de­giş­li mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­dy. De­giş­li dö­wür­de smart­fon ek­ran­la­ry­nyň 29 gö­te­ri­mi­ni “Sam­sung” ön­dü­rip­dir. Ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de bu gör­ke­zi­ji 21,3 gö­te­rim bo­lan eken. “Sam­sung” ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de je­mi 146 mil­li­on, ikin­ji çär­ýek­de 93 mil­li­on sa­ny AMO­LED ek­ran sa­typ­dyr. “App­le”, “Hua­wei”, “Op­po”, “Vivo” we “Xiao­mi” öz mo­bil en­jam­la­ryn­da AMO­LED teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­ýar. Bi­ler­men­ler AMO­LED teh­no­lo­gi­ýa­sy­na is­le­giň has hem ýo­kar­lan­jak­dy­gy­ny, ko­reý bren­di­niň bu is­leg­den peý­da­lan­ma­gy­ny do­wam et­dir­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. BOE, “Ja­pan Disp­lay”, “HannS­tar”, “LG Disp­lay”, “In­no­lux”, “Visio­nox”, “Chi­naS­tar”, “Ti­an­ma” we “Ever­Disp­lay” ýa­ly şe­re­ket­ler mo­bil en­jam­la­ryň ek­ran­la­ry­ny ön­dür­ýär.

AMO­LED (Active-Mat­rix Or­ga­nic Light-Emit­ting Dio­de) teh­no­lo­gi­ýa­sy soň­ky wagt­lar­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýan mo­bil en­jam­la­ryň kö­pü­sin­de otur­dyl­ýar. Bu teh­no­lo­gi­ýa wag­tyň geç­me­gi bi­len hä­zir bar bo­lan LCD, LED we OLED ek­ran­la­ryň ýe­ri­ni alar.

AMO­LED ek­ran teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny “Sam­sung” iş­läp taý­ýar­lan hem bol­sa, beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan hem ula­nyl­ýar. AMO­LED ek­ran­lar­da her bir pik­sel aý­ra­tyn­lyk­da ýag­ty­lan­dy­ry­lyp, su­rat eme­le ge­ti­ril­ýär. Bu ek­ran­lar­ beý­le­ki ek­ran­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, esa­san hem, go­ýy reňk­le­ri has du­ry gör­kez­ýär.