Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy ýokary durulykdaky smartfon kameralaryny öndürmekde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Fotoapparat, kamera we smartfon öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýa has ýokary durulykdaky sensorlary öndürmegi maksat edinýär. Kompaniýa smartfonlar üçin DSLR derejeli kamera sensorlaryny öndürmegiň aladasyny edýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda höwesjeňlere niýetlenen fotoapparatlardan pes surat düşürmeýän telefonlar professional fotoapparatlar bilen bäsleşip biljek derejä ýeter. Emeli aň tehnologiýasynyň ýapon brendiniň bu maksadyna has ir ýetmegine ýardam etjekdigi aýdylýar. Indiki ýyldan başlap, “Sony” brendi bilen çykarylýan smartfonlaryň kameralarynyň hili has ýokarlanar. “Sony” bilen bir hatarda “Samsung” kompaniýasy hem smartfonlar üçin ýokary durulykdaky kamera sensorlaryny öndürýär. Golaýda “Samsung” kompaniýasynyň öndüren 108 megapiksel durulygyndaky kamerasy “Xiaomi Mi Note 10” enjamyna oturdylypdy. Gowy netije beren bu sensoryň täze görnüşiniň “Galaxy S11” telefonlaryna oturdylmagyna garaşylýar. Şol sebäpli geljek ýylyň mobil enjam bazarynda esasy bäsdeşligiň kameralar bolmagyna garaşylýar. Mälim bolşy ýaly, tamamlanyp barýan ýylda, mobil enjam öndürijileri 5G we eplenýän ekran tehnologiýasyna has köp üns beripdiler.