El te­le­fon­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gy­na uly go­şant go­şan “No­kia” kom­pa­ni­ýa­sy gaý­ta­dan te­le­wi­zor önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, fin kom­pa­ni­ýa­sy 1990-njy ýyl­lar­da te­le­wi­zor ön­dür­mek bi­len hem meş­gul­la­nyp­dy. Kom­pa­ni­ýa tä­ze önüm­çi­li­gi ýo­la goý­mak üçin, elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan “Flip­kart” şe­re­ke­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk eder. “Akyl­ly” te­le­wi­zor­la­ryň önüm­çi­li­gi we sa­tu­wy Hin­dis­tan­da ama­la aşy­ry­lar. LED ek­ran­ly te­le­wi­zor­lar “And­ro­id 9.0” ama­ly ul­ga­myn­da iş­läp, “Go­og­le Play Sto­re” app­li­ka­si­ýa­sy hem el­ýe­ter­li bo­lar. Tä­ze ha­ry­dyň ba­ha­sy we beý­le­ki teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da en­tek mag­lu­mat be­ril­me­di. Ge­çen aý smart­fon önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan “Mo­to­ro­la” we “OneP­lus” kom­pa­ni­ýa­la­ry hem öz­le­ri­niň te­le­wi­zor­la­ry­ny sa­tu­wa çy­kar­jak­dyk­la­ry­ny mä­lim edip­di­ler. “Xiao­mi” kom­pa­ni­ýa­sy hem te­le­wi­zor önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýup­dy.