Senagat dizaýnyny ýerine ýetirýän “PriestmanGoode” atly şereket uçarlarda ulanylýan, bir gezek ulanmaga niýetlenen gap-gaçlaryň täze görnüşini taýýarlady. Kompaniýa adatça, plastmassadan öndürilýän bu gap-gaçlary kofe galyndylaryndan we şalynyň gabygyndan öndürmegi maksat edinýär. Şereket Londonda geçirilen “Get Onboard” atly sergide täze harytlaryny “Reduce (azalt), reuse (gaýtadan ulan), rethink (gaýtadan pikirlen)” şygary bilen tanyşdyrdy. “PriestmanGoode” şereketiniň ýolbaşçysy Jo Rowan dürli maksatlar bilen uzak aralyga gidilende, ýolagçy başyna 500 gram plastmassa gap-gajyň peýdalanylýandygyny aýdýar. Müdir dünýäde ýylyň dowamynda uçarlarda peýda bolýan zibiliň mukdarynyň 5,7 million tonna barabardygyny aýdýar. Şereket uçar kabinasynda peýdalanylýan gap-gaçlaryň agramyny azaltmak, plastmassa zibilini ýok etmek maksady bilen organiki döküne öwrülýän gap-gaçlary teklip edýär. “PriestmanGoode” mundan ozal halkara sport çärelerinde türgenler üçin organiki harytlary işläp taýýarlady. Tebigatda ýitip ýok bolup gidýän gap-gaçlary öndürmek üçin bananyň gabygy, suwoty ýaly çig mallardan hem peýdalanylýar. Angliýada 2021-nji ýyla çenli plastmassa gap-gaçlaryň ulanylmagynyň gadagan edilmegi barada karar kabul edildi.
Şereket bir gezek ulanylýan plastmassa çüýşeleri hem azaltmagy maksat edinýär. Bu maksat bilen şereket dykysy kömelekden, gaby kofe galyndysyndan çüýşäni taýýarlapdyr. Dörtburç şekilli bu gaby daşamak, gaplamak we saklamak hem aňsat.
Daýançmuhammet ATAÝEW,
Aşgabat şäheriniň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.