Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ru­hy­ýet köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça 2019-njy ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da bo­lan Halk Mas­la­ha­tyn­da de­giş­li çöz­güt esa­syn­da dö­re­di­len Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si açyp, bu çä­rä­niň esa­sy mak­sa­dy­nyň ýur­du­my­zyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň işi­niň ýag­da­ýy­na we onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ba­ha ber­mek­den, ýer­ler­den To­pa­ra ge­lip go­wuş­ýan mag­lu­mat­la­ry des­lap­dan umu­my­laş­dyr­mak­dan, onuň ge­çen dö­wür­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak­dan yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz iki pa­la­ta­ly par­la­men­tiň mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni we onuň öňün­de dur­ýan iş­le­ri kes­git­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­le­riň has ne­ti­je­li çöz­gü­di­ni taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­mek ýur­du­my­zyň Baş Ka­nu­ny­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­niň mö­hüm şer­ti­dir di­ýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Şu we­zi­pe­ler­den ugur al­nyp, Mej­li­se Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de umu­my­laş­dyr­mak bo­ýun­ça Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň ýa­nyn­da de­giş­li Iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek tab­şy­ryl­dy.
Soň­ra mej­li­siň do­wa­myn­da Mej­li­siň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň ýa­nyn­da­ky iş to­pa­ry­nyň baş­ly­gy K.Ba­ba­ýew, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.An­na­ber­di­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy A.Ser­da­row, ada­lat mi­nist­ri B.Mu­ha­me­dow we Mej­li­siň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa çy­kyş edip, olar öz çy­kyş­la­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän tä­ze ta­ry­hy baş­lan­gyç­la­ry­nyň we ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan Kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­riň örän wa­jyp­dy­gy­ny, türk­men jem­gy­ýe­tin­de döw­let­li­li­giň, ada­lat­ly­ly­gyň, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on to­pa­ry­nyň ýa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça ge­lip go­wuş­ýan tek­lip­le­ri öw­ren­mek hem-de umu­my­laş­dyr­mak ba­ra­da iş to­pa­ry dö­re­dil­di. To­pa­ryň işi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň tej­ri­be­li hü­när­men­le­ri, bi­ler­men­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, alym­lar gat­naş­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li par­la­men­ti­mi­ziň iki pa­la­ta­dan yba­rat bol­ma­ly­dy­gy, onuň işi­ni tä­ze gör­nüş­de gu­ra­ma­gyň dür­li ugur­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly baş­lan­gy­jy bi­len bag­ly iş to­pa­ry­na ge­lip go­wuş­ýan de­giş­li tek­lip­ler düýp­li sel­je­ril­ýär, bu ul­gam­da­ky dün­ýä tej­ri­be­si, şol san­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­ny ulan­mak bo­ýun­ça tej­ri­be­ler öw­re­nil­ýär. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Esa­sy Ka­nu­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, şeý­le hem mil­li par­la­men­tiň pa­la­ta­la­ry­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny anyk kes­git­le­mek ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry iş­de gol­lan­ma hök­mün­de ula­nyl­ýar.
Türk­me­nis­tan­ly­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hu­kuk de­re­je­si­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça öňe sür­ýän öz­gert­me­le­ri­ne, par­la­men­tiň iki pa­la­ta­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Şeý­le hem dün­ýä­niň bu ugur bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si öw­re­nil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň do­wa­myn­da, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de de­giş­li tek­lip­ler be­ýan edil­ýär. Şo­la­ra düz­gün­na­ma la­ýyk­lyk­da se­re­dil­ýär we umu­my­laş­dy­ryl­ýar, soň­ra bol­sa Mej­lis­de he­re­ket ed­ýän Iş to­pa­ry­na ibe­ril­ýär.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na gi­ri­zil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan goş­ma­ça­lar we üýt­get­me­ler de­mok­ra­tik, yn­san­per­wer hem-de ada­lat­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­me­giň we ony döw­rüň ta­la­by­na, hal­ka­ra tej­ri­be­le­re hem-de hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk iş­jeň­leş­dir­me­giň ýo­lun­da no­bat­da­ky äh­mi­ýet­li ädi­me öw­rü­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aý­dy­lan­la­ry jem­läp, mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Türk­me­nis­tan­da hä­zir­ki za­man de­mok­ra­tik jem­gy­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­mek we mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin äh­li şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­di.
Göz öňün­de tu­tul­ýan üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da be­ýan et­mek – jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ag­za­la­ry­nyň hal-ýag­da­ýy­ny hem-de deň hu­kuk­ly­ly­gy­ny, dur­muş ada­lat­ly­ly­gy­nyň äh­li ta­rap­la­ry­ny do­ly dur­mu­şa ge­çir­me­gi aň­lad­ýan yn­san­per­wer­lik ka­da­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Mil­li Par­la­men­tiň hil taý­dan tä­ze iki pa­la­ta­ly gur­lu­şy­na geç­me­gi bi­len bag­ly ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm ta­ry­hy wa­ka öw­rü­ler di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Bu bol­sa “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry­myz­da be­ýan edi­len yn­san­per­wer hem-de ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ug­ru­my­zy has ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­mi­ziň aý­dyň tas­syk­lan­ma­sy­na öw­rü­ler.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lan mad­da­la­ryň, şeý­le hem üýt­get­me­le­riň we goş­ma­ça­la­ryň gi­ri­zil­me­gi­niň Türk­me­nis­tan­da de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­tiň esas­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ýo­lun­da has uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga sal­dam­ly go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň in­di­ki mej­li­si­ni gel­jek ýy­lyň few­ral aýyn­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. On­da Kons­ti­tu­si­ýa­my­za gi­ri­zi­lýän mad­da­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na se­re­de­ris hem-de ola­ry äh­li hal­ky­my­zyň ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy üçin çap ede­ris.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aý­dy­lan­la­ry umu­my­laş­dy­ryp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň in­di­ki mej­li­sin­de bol­sa tä­ze Kons­ti­tu­si­ýa­nyň ka­bul edil­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu­nuň bi­len Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň mej­li­si­ni jem­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oňa gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di.