Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk gününi mynasyp derejede dabaralandyrmak ugrunda giň möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş şäheriniň etraplarynda şanly sene mynasybetli taýýarlyk işleri toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy birnäçe ähmiýetli kararnamalary kabul etdi.
Her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi, şeýle hem ýörite Rezolýusiýa esasynda biragyzdan Türkmenistanyň iki gezek hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şol bir wagtyň özünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara ähmiýetli çözgütleri kabul etmegi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi üçin örän bähbitlidiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyklaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini alamatlandyrýar. Şu günler paýtagtymyzda we onuň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk, abadançylyk işleri, baýramçylyk meýdançalaryndaky milli toý däplerine laýyk gelýän bezeg çäreleri öňde boljak şanly seneleriň guramaçylykly geçiriljekdigini we baýramçylyk dabaralarynda halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň we mähriban Watanymyzyň ýeten derejesiniň beýan ediljekdigini görkezýär.
Narly Durdyýew, Halk Maslahatynyň agzasy.