Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň keş­bi­ni öz­gert­mek, onuň dün­ýä­niň iň owa­dan şä­her­le­ri­niň ha­ta­ryn­da ta­nal­ma­gy­ny ýo­la goý­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li Li­de­ri­miz: “Biz ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ak mer­mer­li paý­tag­ty Aş­ga­ba­dyň döw­re­bap şä­her­le­riň bi­ri­ne öw­rül­me­gi üçin ýe­ne-de köp-köp iş­le­ri dur­mu­şa ge­çi­re­ris” diý­mek bi­len, paý­tag­ty­my­zyň gö­zel keş­be eýe bol­ma­gy üçin ägirt uly tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ba­dal­ga ber­di. Şeý­le­lik­de, soň­ky on ýy­la go­laý wag­tyň do­wa­myn­da baş şäherimiziň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de öz­ge­ri­şe eýe bo­lan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim bol­dy.
Şu ýy­lyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze oba­la­ryň, ge­çen hep­dede bol­sa, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da Döw­let­li za­man şä­her­çe­si­niň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýan Türk­me­nis­ta­nyň ösen yk­dy­sa­dy­ýe­ti ba­ba­tyn­da dün­ýä­niň iň ösen döw­let­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni bü­tin dün­ýä aýan et­di. Ag­za­lan şu üç ýer­de 1500-e go­laý ho­ja­ly­gyň dört, bäş, al­ty otag­ly, mel­lek­li, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ka­şaň jaý­la­ra gö­çüp bar­ma­gy aja­ýyp döw­rü­mi­ziň bag­ty­ýar­ly­gyn­dan ha­bar ber­me­ýär­mi eý­sem?! Bu oba­lar­da, şä­her­çe­de hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len do­ly en­jam­laş­dy­ry­lan sag­lyk öýi, me­de­ni­ýet öýi, tä­ze mek­dep, “Toý me­ka­ny”, ça­ga­lar ba­gy, sport meý­dan­ça­sy ýa­ly dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň bol­ma­gy bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň kalp­la­ry­na eg­sil­mez joş­gun ber­ýär.
El­bet­de, her bir şä­he­riň öz­ge­ri­şi, öňi bi­len gu­rul­ýan be­lent bi­na­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, se­ýil­gäh­le­riň, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň, şa­ýol­la­ryň my­sa­lyn­da mä­lim bol­ýar. Hä­zir­ki dö­wür dün­ýä­sin­de äpet gur­lu­şyk meý­da­ny­ny ýa­da sal­ýan Aş­ga­bat bu ba­bat­da düýp­li öz­ge­ri­şe eýe. Paý­tagt­da gu­rul­ýan be­ýik-be­ýik bi­na­lar, Gün nu­ru­na öw­şün at­ýan se­ýil­gäh­ler, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ok­law ýa­ly şa­ýol­lar onuň zy­na­ty­na zy­nat go­şup, kalp­lar­da buý­sanç duý­gu­la­ry­ny oýar­ýar.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş- dur­muş şert­le­ri­ni düýp­li öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin rejelenen görnüşdäki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan bu iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, bu gün­ki gün Aş­ga­bat tä­ze se­na­gat kär­ha­na­la­ry, ýo­ka­ry we ýö­ri­te or­ta okuw mek­dep­le­ri, mu­zeý­le­ri, teatr­la­ry, hä­zir­ki za­man tä­jir­çi­lik mer­kez­le­ri, ak ba­zar­lar, do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bi­na­la­ry, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap gel­ýän myh­man­ha­na­la­ry bi­len gö­ren­le­riň kal­by­ny heý­ja­na sal­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 15-nji iýul­da 2016-njy ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mej­li­sin­de eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: “Umu­man, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da je­mi ba­ha­sy 50 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem ýo­ka­ry bo­lan 2 mü­ňe go­laý iri des­ga­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Ge­çen ýa­rym ýy­lyň do­wa­myn­da biz 59 des­ga­ny işe gi­riz­dik. Meý­da­ny 713 müň ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­dik” di­ýip, buý­sanç bi­len bel­le­di.
Çäk bo­ýun­ça al­nan­da, me­ge­rem, dün­ýä­de Türk­me­nis­ta­nyň­ky de­ýin şu­lar ýa­ly iri gur­lu­şy­gyň al­nyp ba­ryl­ýan baş­ga bir ýe­ri ýok bol­sa ge­rek. Bu mag­lu­ma­tyň özi ýur­du­myz­da gur­lu­şyk iş­le­ri­niň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Bu gur­lu­şyk­lar ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, esa­sy bö­le­gi bol­sa, paý­tag­ty­myz­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le iri des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­de 157 gek­tar ýe­ri öz içi­ne al­ýan Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi, ga­nat­la­ry­ny her ýa­na ýa­ýyp, as­man gi­ňiş­li­gi­ne uç­ma­ga hy­ýal­lan­ýan ak la­çy­nyň keş­bin­de bi­na edil­ýän Hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Oguz­han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň bi­na­sy­ny we ýe­ne-de on­lar­ça bi­na­la­ry buý­sanç bi­len gör­kez­mek bo­lar. 21-nji iýul­da bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de açy­lan Hal­ka­ra new­ro­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Mor­fo­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­ke­zi­niň bi­na­la­ry paý­tag­ty­my­zyň nu­ra­na keş­bi­niň üs­tü­ni ýe­tir­di.
Gö­zü­mi­ziň al­nyn­da gün­sa­ýyn öz­ge­ri­şe eýe bol­ýan Aş­ga­ba­dy her ta­rap­dan syn­la­nyň­da hem kal­byň joş­gun­dan we buý­sanç­dan dol­ýar. Biz kä­te paý­tag­ty­my­zy be­lent dag ge­riş­le­rin­den – Sag­lyk ýo­lu­nyň be­lent­lik­le­rin­den, go­ja­man Kö­pet­da­gyň ger­şi­ne sa­ry uzap gid­ýän as­ma-ta­nap ýo­lun­dan ýa-da be­lent-be­lent bi­na­la­ryň ýo­ka­ry gat­la­ryn­dan syn­la­ýa­rys. Şon­da gö­zü­mi­ziň al­nyn­da uzak­la­ra ýaý­lyp gid­ýän tä­ze bir dün­ýä – nu­ra­na paý­tag­ty­myz peý­da bol­ýar. Bü­tin tö­we­re­gi ýa­şyl zo­lak­lar bi­len ör­tü­len, ak bi­na­lar bi­len esas­lan­dy­ry­lan, ok­law ýa­ly şa­ýol­lar bi­len gur­şa­lan paý­tag­ty­myz kal­by­myz­da iň bir nä­zik we gö­zel duý­gu­la­ry oýar­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mäh­ri­ban hal­ky­na çäk­siz söý­gü­si, eg­sil­mez gu­jur-gaý­ra­ty ne­ti­je­sin­de, Or­ta Azi­ýa­nyň dür­dä­ne­si di­ýen be­lent ada my­na­syp bo­lan paý­tag­ty­myz ös­ýär, öz­ger­ýär.
Bu iş­le­riň hem­me­si eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň: “Aş­ga­bat gel­jek ne­sil­ler ba­ra­da ala­da­la­ry­my­zyň aý­dyň be­ýa­ny, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ar­zuw­la­ry­nyň ama­la aş­ma­gy­nyň my­sa­ly bo­lup, ös­ýär we öz­ger­ýär” di­ýen pa­ra­sat­ly pä­him­le­ri­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Al­tyn­je­mal RE­JE­PO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 8-nji or­ta
mek­de­biň mu­gal­ly­my.