Fut­bol bo­ýun­ça gel­jek ýy­lyň tom­sun­da, has ta­ky­gy, 2020-nji ýy­lyň 12-nji iýuny – 12-nji iýu­ly ara­ly­gyn­da yk­ly­myň 12 şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Ru­my­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­ha­rest şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy­na fut­bol dün­ýä­si­niň öň­ki-soň­ky ýyl­dyz­la­ry, tä­lim­çi­ler gat­naş­dy­lar.
Bi­jä la­ýyk­lyk­da “A” to­par­ça­da Ita­li­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Uel­siň, “B” to­par­ça­da Bel­gi­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Da­ni­ýa­nyň, Finl­ýan­di­ýa­nyň, “C” to­par­ça­da Gol­lan­di­ýa­nyň, Uk­rai­na­nyň, Awst­ri­ýa­nyň, Pleý-of­fuň ýe­ňi­ji­si (“A”/“D”), “D” to­par­ça­da Ang­li­ýa­nyň, Hor­wa­ti­ýa­nyň, Çe­hi­ýa­nyň, Pleý-of­fuň ýe­ňi­ji­si (“C”), “E” to­par­ça­da Is­pa­ni­ýa­nyň, Şwe­si­ýa­nyň, Pol­şa­nyň, Pleý-of­fuň ýe­ňi­ji­si (“B”) hem-de “F” to­par­ça­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Pleý-of­fuň ýe­ňi­ji­si (“A”/“D”) çy­kyş eder. Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň soň­ky çem­pio­ny Por­tu­ga­li­ýa­nyň hem-de Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň soň­ky 2 ýe­ňi­ji­si Fran­si­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň bir to­par­ça düş­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Çem­pio­nat­da çy­kyş et­jek ga­lan 4 to­pa­ry kes­git­le­ýän Pleý-off tap­gy­ry bol­sa, gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da ge­çi­ri­ler. Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň gu­ra­lyp baş­la­ny­na 60 ýy­lyň dol­ma­gy my­na­sy­bet­li, tä­ze­çe usul­da ge­çi­ril­jek çem­pio­na­tyň du­şu­şyk­la­ry yk­ly­myň Rim (Ita­li­ýa), Bil­bao (Is­pa­ni­ýa), Ba­ku (Azer­baý­jan), Lon­don (Ang­li­ýa), Sankt-Pe­ter­burg (Rus­si­ýa), Mü­nih (Ger­ma­ni­ýa), Ams­ter­dam (Gol­lan­di­ýa), Bu­ha­rest (Ru­my­ni­ýa), Glaz­go (Şot­lan­di­ýa), Dub­lin (Ir­lan­di­ýa), Ko­pen­ga­gen (Da­ni­ýa) hem-de Bu­da­peşt (Weng­ri­ýa) şä­he­rle­rin­dä­ki sta­di­on­lar­da oý­na­lar.