Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçýäris. Bu ýyl hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy giňden toýlanýar. Şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklaryinstitutynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyňýolbaşçylary, ýokary okuwmekdepleriniň rektorlary, mugallymlar we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Ylmy maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokaryokuw mekdepleriniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky düzümleriniň. Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşmagynda sergi geçirildi.
Soňra ylmy maslahat öz işine başlady. Ylmy maslahatda hormatly Prezidentimiz Gutlag haty okaldy. Milli Liderimiziň Gutlagynda: “Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy degişli Kararnama bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini ikinji gezek tassyklady” diýlip bellenilýär.
Ylmy maslahatyň çäklerinde edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýete barada durlup geçildi. Häzirki wagtda Türkmenistan147 sany ýurt bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 47 sany halkara guramanyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtda Türkmenistan 150 sany halkara konwensiýalara, şertnamalara we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar.Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany ilçihanasy, konsullyklary we hemişelik wekilhanalary hereket edýär. Türkmenistanda bolsa, hemişelik esasda 35 sany ilçihana, konsullyklar we 15 sany halkara guramalaryň wekilhanasy işleýär.
Ylmy maslahat tamamlanandan soňra Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň gatnaşmagynda milli tagamlaryň sergisi hem guraldy.