Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiz galkynyşlaryň we özgertmeleriň täze eýýamyna gadam goýdy. Ykdysady taýdan ähmiýetli özgertmeler hem-de çözgütler ählitaraplaýyn halkymyzyň, ýurdumyzyň bähbidi üçin amala aşyrylýan tutumly işlere badalga boldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan badalga berlen tutumly başlangyçlaryň biri hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen bagly taslamalardyr. Bu taslama uzak bolmadyk möhletde üstünlikli durmuşa geçirilip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenary bütin dünýäniň üns merkezindäki künjekleriň biri hasaplanýar. Syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde dünýä tejribesini öwrenmek we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça edilýän taýsyz tagallalar ýerine düşüp, bu günki gün Awaza ýylyň dört paslynda hem iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi.
Häzirki tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Hazar deňziniň türkmen kenarynda ildeşlerimiziň müňlerçesi dynç alýarlar. Uly ýaşlylar bilen birlikde, çagalar hem döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirýärler.
Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde kompýuter boýunça, daşary ýurt dillerini öwrenmek, çeper bäsleşikleri, döredijilik we sport ýaryşlaryny guramak babatda, gurnaklarda işlemeli mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw-usulyýet maslahatlarynyň geçirilendigini hem aýtmak gerek. Bu ýerde halkara festiwallarynyň, sergileriň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilip durulýandygy hem guwandyryjydyr. Awazada festiwallaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli guralmagy halklaryň arasyndaky dostlugyň berkemegine hem täsirini ýetirýär. Bu ýerde geçirilýän iri möçberli çäreler jahankeşdeleriň nazaryny türkmen topragyna çekmäge amatly ýagdaýy döredýär. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan syýahata gelýän adamlar Türkmenistany has ýakyndan tanamaga mümkinçilik alýarlar. Şol birwagtyň özünde Türkmenistan, onuň milli önümleri, syýahatçylyk hyzmatlarynyň we beýleki pudaklaryň önümleri üçin amatly mahabatdyr. Ýurduň halkara derejesinde jemgyýetçilik abraýyny ýokary derejelere galdyrýan ýagdaýdyr.
Syýahat edýän adamlar az bolmadyk mukdardaky puluny – öz süýşürintgisini syýahata baran ýerinde gowy dynç almak üçin harçlaýarlar. Şeýlelikde, ýurduň çägine syýahata gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, olara edilýän hyzmatlaryň, satylýan harytlaryň hasabyna gyzyl pul girdejilerimiziň möçberi hem artýar. Umuman, syýahatçylyk ilatyň we döwletiň barha baýlaşmagynyň uly çeşmesidir.
Şol birwagtyň özünde ýurdumyzyň öz ilatynyň amatly dynç almagy üçin hem Hazar deňziniň kenarynyň örän uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Awazanyň syýahatçylyk şertleriniň has hem gowulaşmagy bilen bu oňyn ýagdaý içerki syýahatçylygyň ýokary depginler bilen ösmegine-de, gürrüňsiz öz täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri bilen pikir alşan mahalymyzda, olar Türkmenistanyň çägindäki dynç alyş künjekleriniň arasynda Awazanyň aýratyn ornunyň bardygyny guwanç bilen bellediler. Çünki daşary ýurtlularam, ildeşlerimizem aglaba ýagdaýda Awaza baryp görmäge isleg bildirýärler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak, sport bilen meşgullanmak, saglygyňy dikeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bu ajaýyp künjegi iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwürýär.
Häzirki döwürde bagtyýar çagalarymyzyň ýüzlerçesi Awazanyň “Demirýolçy”, “Çeşme”,”Nesil”, “Altyn ýyldyz”, “Ýaşlyk”, “Şöhle” ýaly dynç alyş merkezlerinde öz wagtlaryny şadyýan geçirmek bilen, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna hem gatnaşýarlar. Deňiz kenarynda gurlan “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni”,”Jadyly kenar” ýaly oýun attraksionly sagaldyş-dynç alyş toplumlaryna gezelenje çykýarlar. Bu ýerde oýunlaryň guralyşy çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Hazaryň türkmen kenary dünýä boýunça syýahatçylyk üçin amatly ýerleriň biri hasaplanyp bilner. Deňiz kenarlary dünýäde syýahatçylary iň bir özüne çekýän ýerler hasaplanýar, ýagny, umumy syýahatçylyk pudagynda deňiz syýahatçylygynyň ähmiýeti uludyr. Deňiz suwunyň we onuň kenar ýakalarynyň arassalygy, suwuň we howanyň ýylylygy, deňiz howasynyň adam saglygy üçin dermanlygy, çägeli kenar, arzan harytlar we hyzmatlar, sebitiň umumy howpsuzlygy we şuňa meňzeş birnäçe aýratynlyklar bu ýeri artykmaçlyklara eýe edýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň özeninde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegi, şol birwagtyň özünde syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi bilen bagly çäreleriň toplumy durýar. Syýahatçylyk pudagyndaky özgertmeler ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimleriň biridir. Munuň özi Türkmenistanyň her bir raýatynyň eşretli we bagtyýar durmuşynyň baş girewidir.
Meretgül Taganmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.